B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§6. Häzirki zaman bazarynyň nusgalary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet75/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§6. Häzirki zaman bazarynyň nusgalary
Birbada ykdysadyýetiň her bir pudagyny we ýaýrawyny aýry-aý­
rylykda öwrenmek synanyşygy kyn bolardy, çünki olaryň sany örän 
köpdür. Diýmek, häzirki zaman bazar ykdysadyýetini häsiýetlen­
dirýän, onuň aglaba pudaklaryna we ýaýrawlaryna mahsus bazar 
düzümleriniň ýa-da nusgalarynyň esasylaryndan diňe birnäçesiniň 
üstünde durlup geçilmegi has dogry bolar.
Ykdysatçylar biri-birlerine meňzemeýän dört sany bazar nusga­
syny tapawutlandyrýarlar, olara sap bäsdeşlik, sap monopoliýa, mono-
polistik bäsdeşlik we oligopoliýa degişlidir. Häzirki zaman bazarynyň 
bu dört sany nusgasy, täze kärhanalaryň pudaga aralaşyp bilmeginiň 
ýeňildigine ýa-da kyndygyna garamazdan, pudakdaky kärhanalaryň 
sany bilen tapawutlanýarlar. 
Häzirki zaman bazarynyň bu nusgalaryna degişli häsiýetnama 
bereliň. 
Sap bäsdeşlik bu ýagdaýda köp kärhanalar bazarda meňzeş 
haryt satýarlar.
Sap bäsdeşlik bazarynyň aýratynlyklary:
• garaşsyz kärhanalar köp hem-de bazaryň üstünden gözegçilik ýok;
• nyrhlaryň üstünden gözegçilik ýok hem-de olar bazaryň özünde 
kesgitlenýär; 
• häsiýetleri we hili boýunça harytlaryň tapawutlandyrmalary ýok;
• bazara aralaşmak we ondan çykmak aňsat.
Monopoliýa – harydy öndürmäge ýa-da satmaga ýeke-täk hukuk.
Sap monopoliýabu ýagdaýda bir harydy bazarda diňe bir 
satyjy satýar.
Sap monopoliýa bazarynyň aýratynlyklary:
• bir önümiň we bir sany iri kärhananyň bolmagy;
• hakykatda nyrhlaryň üstünden doly gözegçilik edilmegi;
• harytlaryň dürli görnüşde bolmazlygy;
• bazara aralaşmak üçin çynlakaý kynçylyklaryň bolmagy.
Monopolistik bäsdeşlik – bu ýagdaýda birmeňzeş harytlary we 
hyzmatlary dürli bahadan köp sanly satyjylar satýar.


118

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   71   72   73   74   75   76   77   78   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling