121
harytlara bolan isleg görnüşinde ýüze çykýar. Sarp edijiler harytlary
emele gelen nyrhlara we öz pul girdejilerine görä satyn alyp bilýär
ler
. Hyrydarlyk we hödürleme bazar mehanizminiň iňňän möhüm
bölekleri bolmak bilen, maddy nygmatlary öndürijileriň we olary sarp
edijileriň arasyndaky hemişelik baglanyşygy üpjün edýär.
Bazar mehanizminiň
bäşinji bölegi
bäsdeşlikdir. Ol peýdanyň
aňrybaş köpelmegini we şonuň esasynda hem önümçiligiň gerimi
niň giňeldilmegini üpjün edýär. Bäsdeşlik bazar subýektleriniň we
deňölçeglilikleri düzgünleşdiriş mehanizminiň özara täsir edişmekle
riniň görnüşi hökmünde çykyş edýär. Ol ykdysadyýetiň ilerleýjilikli
ösüşine itergi berýär. Bäsdeşligiň esasy wezipesi nyrhlar, peýdanyň
kadasy, bank göterimleri ýaly ykdysady düzgünleşdirijileriň derejele
rini kesgitlemekden ybaratdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: