B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Bazar mehanizminiň esasy bölekleri


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet86/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Bazar mehanizminiň esasy bölekleri
Islendik bazar, onuň anyk görnüşine bagly bolmazdan, üç sany 
esasy bölege daýanýar, olara nyrhlar, hyrydarlyk we hödürleme, bäs­
deşlik degişlidir. Bazar mehanizminiň hut şu esasy bölekleri has jik­
me-jik seljerilip görülmegine mynasypdyr.
Bellenip geçilişi ýaly, olaryň birinjisi nyrhlardyr. Nyrhlaryň 
üýtgemegi öndüriji üçin tehnologik işiň ugruny saýlap almakda we 
önümçiligiň möçberini üýtgetmegiň zerurlygyny esaslandyrmakda 
nazarlanyş nokady bolup hyzmat edýär.
Bazar mehanizminiň ikinji elementi hyrydarlyk we hödürleme 
bolup durýar. Hyrydarlyk bilen hödürlemäniň arasyndaky mynasybe­
tiň üýtgemegi bazar nyrhlarynyň deňagramlylyk nyrhy diýilýäniniň 


131
töwereginde üýtgäp durmagyna getirýär. Şol üýtgäp durmalaryň üsti 
bilen nyrhlaryň, hyrydarlygyň we hödürlemäniň deňeçerligi, ahyrso­
ňunda hem önümçiligiň we sarp edişiň deňeçerliginiň üpjün edilýän 
derejesi emele gelýär.
Üçünji bölegi bäsdeşlikdir. Her bir telekeçiniň maksady gazanyl-
ýan peýdanyň köp bolmagyndan, şonuň üçinem hojalyk işiniň geri­
miniň giňeldilmeginden ybaratdyr. Munuň özi gutulgysyz ýagdaýda 
telekeçileriň harytlary öndürmegiň we ýerleşdirmegiň has peýdaly 
şertleri ugrunda, önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy ugrunda 
öň aralarynda göreşe girişmeklerine getirýär hem-de olar biri-birleri 
babatynda bäsdeş, ýaryşdaş bolup çykyş edýärler. 
Bäsdeşlik bazar mehanizminiň zerur bölegidir. Emma onuň hä­
siýeti dürli-dürli bolýar, bu hem bazar deňagramlylygyny gazanma­
gyň usulyna düýpli täsir edýär. 
§3. Bazaryň düzüm birlikleriniň esasy kysymlary
Bazar bäsdeşligi häsiýetindäki tapawutlar bazaryň dürli düzüm 
birlikleriniň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Olar biri-birlerinden şol 
bazarda hereket edýän subýektleriň sany we ululygy, olar tarapyn­
dan satuwa çykarmak üçin öndürilýän önümleriň häsiýeti, bazara täze 
sub ýektleriň aralaşmak we ondan çykmak mümkinçilikleri bilen, şo­
nuň ýaly-da, ykdysady çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan mag­
lumatlaryň elýeterliligi bilen tapawutlanýarlar.
Bazar mehanizmi erkin we kämil bäsdeşlik şertlerinde has neti­
jeli işleýär. Şonda bazardaky ýagdaý şu alamatlar bilen häsiýetlenýär:
• satyn alyjylaryň we satyjylaryň köp bolmagy;
• önümçilik şertleriniň ýokary derejedäki hereketjeňligi;
• bazara aralaşmakda we ondan çykmakda päsgelçilik bolmazlygy; 
• satylýan önümleriň hiliniň bir (standartlaşdyrylan) bolmagy;
• ähli hojalyk subýektleri üçin bazar baradaky maglumatlara deň 
derejedäki elýeterliligiň bolmagy.
Eger kämil bäsdeşligiň ýekeje alamaty ýetmeýän hem bolsa, şo­
nuň ýaly bazar düzümine kämil däl bäsdeşlik mahsusdyr. Kämil däl 
bäsdeşligiň üç sany esasy görnüşi tapawutlandyrylýar:


132

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling