B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet83/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

German nusgasy. Öz durmuş-ykdysady mazmuny boýunça ol 
ýapon nusgasyna ýakyndyr. Bazar ykdysadyýetiniň german nusgasy­
nyň tapawutly aýratynlyklary aşakdakylardyr:
• ykdysadyýete döwlet tarapyndan güýçli täsir edilmegi. Ol, esa­
san, durmuş meseleler çözülende ýüze çykýar;
• esasy makroykdysady görkezijileriň meýilnamalaşdyrylmagy. 
Bu ýörelge Germaniýada ХХ asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlaryn­
da girizildi. Şonuň ýaly-da bu ýurtda kärhananyň işgärleriniň onuň 
eýeçiligine gatnaşmagyny göz öňünde tutýan sosial hyzmatdaşlyk 
ýörelgesi-de durmuşa geçirildi;
• german nusgasynda hem ýapon nusgasynda hem banklara uly 
ähmiýet berilýär, şonda Merkezi bankyň ygtyýarlyklary has uludyr;
• kärhananyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň iş haklarynyň dere­
jelerindäki tapawut ujypsyzdyr.
Bazar ykdysadyýetiniň şwed nusgasyna ozaly bilen durmuş ugra 
güýçli gönükdirilmek we kuwwatly döwlet düzgünleşdirişi mahsus­
dyr. Salgyt salmagyň ýokary kadasy döwlete esli möçberdäki maliýe 
serişdelerini jemlemäge we olary durmuşy meseleleriň çözülmegi­
ne gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bu ýurtda işsizlik 
iň az derejede saklanýar, ilatyň alýan girdejileri bolsa esli derejede 
gyradeň leşendir.
Beýan edilenlerden başga-da, beýleki ýurtlarda bazar ykdysady­
ýetiniň iş tejribesi umumylaşdyrylanda, milli bazar ykdysadyýetleri­
niň köp sanly ösüş nusgalarynyň, belli bir derejedäki şertli ýagdaýda, 
iki sany nusga, ýagny liberal we durmuşa gönükdirilen nusgalara sy­
rygýandygyny aýtmak bolar.
Bazar ösüşiniň liberal nusgasyna, ozaly bilen hususy eýeçiligiň 
agalyk etmegi, hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilme­
gi mahsusdyr. Döwletiň ykdysady wezipeleri, esasan, makroderejede 
durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly ulgamda durmuşda deňlik ýörelgesi 
aýratyn öňe sürülmeýär, döwletiň durmuş işi bolsa, esasan, ilatyň iň 
mätäçlik çekýän gatlaklaryna gönükdirilýär. Ykdysady taýdan ösen 
ýurtlaryň arasynda bu nusga ABŞ we Beýik Britaniýa has ýakyn dur ýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   79   80   81   82   83   84   85   86   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling