B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§6. Bazar ykdysadyýetiniň nusgalary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet82/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§6. Bazar ykdysadyýetiniň nusgalary
Dünýä tejribesinde bazar ykdysadyýetiniň ýeke-täk nusgasy 
ýokdur. Olaryň özboluşlylygy belli bir ýurduň ösüşiniň taryhy aý­
ratynlyklaryna, onuň ykdysady ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik 
düzüm birlikleriniň mynasybetine, jemgyýetçilik ösüşiniň ileri tu­
tulýan ugurlarynyň saýlanyp alnyşyna bagly bolup durýar. Munda 
köplenç, bazar ykdysadyýetiniň amerikan, ýapon, german we şwed 
nusgalary saýlanyp alynýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly 
Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 
döwlet kadalaşdyrylyşy” okuw gollanmasynda hem olar barada bel­
läp geçdi.
Amerikan nusgasy. Bu nusga “kapitalizmiň liberal nusgasy” 
diýen ada eýe boldy. Onuň häsiýetli aýratynlygy şulardan ybaratdyr:
• döwlet eýeçiligine degişli böleginiň az bolmagy;
• döwletiň ykdysadyýeti düzgünleşdirmäge doly gatyşmazlygy;
• telekeçiligiň hemmetaraplaýyn höweslendirilmegi;
• ilatyň ýokary we pes gatlaklara bölünmegi;
• kärhanalaryň dolandyryjylary bilen işgärleriň arasynda iş haky­
nyň derejesi boýunça uly tapawudyň bolmagy;
• üpjünçilik taýdan pes ilatyň ýaşaýyş derejesiniň oňuşarlykly 
bolmagy. 
Ýapon nusgasy. Ýapon nusgasynyň esasy görnüşlerine aşakda­
kylar degişlidir:
• milli ykdysadyýetiň esasy ösüş ugurlaryna döwletiň ýokary de­
rejede täsir etmegi;
• kärhanalarda işgärleri ömürlik hakyna tutmanyň giňden ýaýra­
magy, olaryň umumy bähbitler esasynda birleşmegi, işgärleriň dolan­
dyryşa we çözgüt kabul edilişine çekilmegi;
• kärhanalaryň dolandyryjylary we hünärmenleri bilen işgärleri­
niň arasynda iş hakynyň derejesi boýunça uly tapawudyň az bolmagy;
• durmuşa gönükdirilen nusgadyr. Döwlet durmuş deňsizligine 
garşy göreş alyp barýar, raýatlar kesellän, işsiz galan, pensiýa çykan 
halatlarynda olaryň durmuş hukuklarynyň berjaý edilmegine gözeg-
çilik edýär. Işleýänleriň durmuş taýdan meseleleriniň çözülmegi 
boýunça borçlar korporasiýalara we kärhanalara ýüklenýär.


127

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   78   79   80   81   82   83   84   85   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling