130
ýetini dolandyrmak babatynda diňe kadalaşdyrýan bazar gatnaşykla
rynyň ýola goýulmagy ýerliklidir.
“Kadalaşdyrýan bazar gatnaşyklary” diýen düşünje meselä
niň düýp mazmunyny öz-özünden açyp görkezmeýär. Bu düşünjäniň
esasynda gatnaşyklaryň üç sany özara baglanyşykly toparyny gurşap
alýan ykdysady gatnaşyklar nusgasy göz öňüne getirilýär
.
Birinji topara bazar gatnaşyklary degişli bolup, olar üçin saty
jylaryň we satyn alyjylaryň erkin gözlenmegi, bäsdeşlik, nyrhlaryň
degişli özgermesi häsiýetlidir.
Ikinji topar – bu ykdysady hadysalary döwlet tarapyndan ka
dalaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklardyr. Bu düzgünleşdiriş,
ozaly bilen, ykdysady
usullary ulanmak arkaly,
hususan-da, salgyt,
maliýe we karz syýasatlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Gatnaşyklaryň
üçünji toparyna durmuş goraglylyk ulgamy de
gişli bolup, ol hem köp dürlülik häsiýetine eýedir. Oňa, ozaly bilen,
ilatyň mätäçlik çekýän gatlaklaryna hemaýat
edilmegi, puluň hüm
metsizlenmeginden, bazar ýagdaýynyň üýtgemeginden, işsiz galmak
mümkinçiliginden goralmagy degişlidir.
Bazar mehanizmi düýbünden ulanylmaýan ykdysadyýetiň hiç
ýerde ýokdugyny dünýä tejribesinden görmek bolýar. Diýmek, bazar
ýoluna düşülmegi ykdysady ösüş boýunça öňde goýulýan maksatlara
ýetmegiň guralydyr.
Do'stlaringiz bilan baham: