B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§5. Bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň mehanizmi


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet88/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§5. Bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň mehanizmi
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde harytlary we hyzmatlary öndür­
megiň tölege ukyply hyrydarlyga görä düzgünleşdiriş mehanizmi şu 
düzüm böleklerini öz içine alýar: 
• öndürijiler tarapyndan bazarda sarp edijilere satmak üçin haryt 
önümçiligi;
• haryt eýeleriniň eýeçilik hukugy;
• harytlaryň hyrydarlygyň we hödürlemäniň mynasybeti boýunça 
bellenilýän bazar nyrhlary;
• sarp edijileriň tölege ukyply hyrydarlygy;
• bazarda hyrydarlygy kanagatlandyrmak üçin harytlaryň hödür­
lenmegi;
• harytlary meýletin alyp-satmak boýunça gepleşikler; 
• bazara gatnaşyjylaryň aralaryndaky erkin bäsdeşlik;
• bazardaky “oýun düzgünleriniň” jemgyýetiň ilerleýjilikli ösme­
giniň hatyrasyna döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagy.
Satyjylaryň aralarynda bäsdeşlik näçe güýçli bolsa, has ýokary 
hilli harytlaryň we hyzmatlaryň hödürlenilişi satyn alyjylaryň töle­
ge ukyply hyrydarlygyndan şonça-da agyşýar, bazar nyrhy bolsa 
aşaklaýar. Elbetde, bu önümçiligiň azaldylmagyna getirýär. Tersine, 
satyjylaryň aralaryndaky bäsdeşlik gowşan mahalynda, tölege ukyply 


134
hyrydarlyk gytçylygyny emele getirmegi we harytlaryň hiliniň pesel­
megi üçin şert döretmek bilen, harytlaryň hödürlenilişinden agdyk 
gelip başlaýar. Netijede, nyrh ýokarlanýar, pes hilli önümleriň we 
hyzmatlaryň öndürilmegi amatly bolýar, şeýle ýagdaý belli bir wagt 
dowam edýär we soňra üýtgeýär. 
Soraglar we ýumuşlar:
1. Bazar sözüniň giň we dar manylaryndaky nähili düşünjelerini bilýärsiňiz?
2. Ykdysady gatnaşyklar nusgasy üç sany özara baglanyşykly topary-
ny gurşap alýar. Bu barada aýdyp beriň.
3. Bazar mehanizminiň nähili esasy bölekleri bar?
4. Bazar mehanizminiň esasy bölekleri barada gürrüň beriň.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   84   85   86   87   88   89   90   91   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling