B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet87/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

– sap monopoliýa – bazarda harydyň ýa-da hyzmatyň satyjysy 
ýeke-täk bir kärhana bolanda hem-de şol kärhananyň we degişli pu­
dagyň çäkleri özara gabat gelen mahalynda ýüze çykýar;
oligopoliýapudakda kärhanalaryň azsanlysy bar bolanda 
ýüze çykýar; 
monopolistik bäsdeşlikbazarda dürlüleşen görnüşdäki 
önümleri öndürýän kärhanalaryň has köp sanlysynyň bolmagy bilen 
häsiýetlenýär.
Şeýlelikde, bazar düzüm birlikleriniň kysymyna bagly bol­
mazdan, olaryň kadaly işlemeginiň zerur şerti hojalyk gatnaşyklary­
nyň sub ýektleriniň ykdysady erkinligi we özbaşdaklygy bolup durýar.
§4. Bazar mehanizminiň işleýşi
Bazar ykdysadyýetiniň işleýiş mehanizmi üç sany esasy ýörelgä 
esaslanýar:
• maržinal (aňryçäk) seljeriş;
• alternatiw saýlap alyş harajatlary;
• ykdysady taýdan rejelilik.
Maržinal seljeriş ýörelgesiniň esasynda bazar subýektleriniň 
orta däl-de, aňrybaş ululyklarynyň aýgytly täsiri astyndaky özü­
ni alyp baryşlary gurulýar. Maržinal çemeleşme bazar giňişliginiň 
işleýşiniň üznüksizligini üpjün edýär, hyrydarlygyň we hödürlemäniň 
mynasybetinde çürt-kesik üýtgäp durmalaryň mümkinçiligini aradan 
aýyrýar, haryt öndürijiler bilen sarp edijileriň arasyndaky ýagdaýyň 
deňagramly bolmagyna goltgy berýär.
Alternatiw saýlap alyş harajatlary ýörelgesi. Alternatiw saýlap 
alyş harajatlary göni harajatlaryň we serişdeleri peýdalanmagyň ýa-da 
telekeçileriň işiniň beýleki usullaryndan ýüz öwrülmegi bilen bagly­
lykda kemter alnan nepiň jemi hökmünde çykyş edýär. Bu ýörelge 
öndürijileri bar bolan serişdeleri has netijeli ulanmagyň ýollaryny 
agtarmaga mejbur edýär. 
Ykdysady taýdan rejelilik ýörelgesi görüljek nepiň we hara­
jatlaryň deňeşdirilip görülmegine esaslanýar. Rejeli çözgüt özgerip 
durýan görnüşleriň hataryndan saýlanyp alynýar, olardan aňryçäk re­


133
jelisi harajatlaryň ýol berip bolýan iň aşak möçberine girdejiniň kepil­
lendirilen mukdarynyň alynmagyny üpjün edýär. Rejelilik ölçegi gir­
deji almaga aýratyn hukugyň bolmagy bilen kesgitlenýär. Kärhanalar 
peýdany köpeltmäge çalyşýarlar, sarp edijiler bolsa maýalaryny çäkli 
peýdalanmak bilen bir hatarda, öz ýagdaýlaryny gowulandyrmaga 
ymtylýarlar. 
Şonlukda, bazar ykdysadyýetiniň agzalyp geçilen ýörelgeler 
esasynda gurulmagy ýagdaýyň deňagramly bolmagyny gazanmaga 
mümkinçilik berýär. Munuň özi biri-birine gapma-garşy durýan iki 
sany güýjüň, ýagny bir tarapdan, hyrydarlygyň we hödürlemäniň, 
beýleki tarapdan – bazar nyrhlarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan 
bazar mehanizminiň esasy meselesidir. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling