B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň milli


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet91/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň milli 
nusgasynyň döwürleri
Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň milli bazar nusgasy öz içine 
üç döwri alýar: geçiş döwri, bazar ykdysadyýetini döretmek döwri, 
jemleýji döwür.
Geçiş döwri. Bu döwrüň esasy mazmuny syýasy jähtden garaş­
syzlygymyzy doly pugtalandyrmakdan, jemgyýetde syýasy durnukly­
lygy üpjün etmekden, bir jemgyýetden başga bir jemgyýete geçilende, 
döwlet gözegçiligini we demokratiýany üpjün edýän güýçli häkimýet 
syýasatyny ýöretmekden, oňyn (pozitiw) bitaraplyk we hoşniýetli 
daşary syýasaty ýöretmekden, jemgyýetiň ykdysady, durmuş we sy­
ýasy mümkinçiligini ösdürmekden ybaratdyr.
Bu döwürde jemgyýetimiz bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa 
geçýär. Munuň özi köne ülňülerden ýüz öwürmek, ykdysadyýeti 
ösdürmegiň özümize ýat bolan nusgalaryndan el çekmek şertlerinde 
bolup geçýär. Şu döwürde jemgyýetiň işiniň we adamlaryň ýaşaýyş 
şertleriniň üzül-kesil üýtgemeginiň zyýanly netijeleri gowşadylýar, 
şoňa görä-de, ykdysady babatda birgiden çäreler ulgamyny durmu­
şa geçirmek milli hojalygynyň ösüşini durnuklaşdyrmak, býujet ul­
gamynyň bütewüligini üpjün etmek, maliýe ýagdaýyny we pul aý­
lanyşygyny sagdynlaşdyrmak, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak, 
ýer özgertmelerini geçirmek, bank ulgamyny üýtgedip guramak, ha­
ryt-pul deňagramlylygynyň şertlerini gowulandyrmak, özara üpjün-
çilikleri durnuklaşdyrmak we önümçiligi giňeltmek, maliýe-karz 
ulgamyny kämilleşdirmek, ilatyň pul girdejilerini we çykdajylaryny 
deňleşdirmek, daşary ykdysady aragatnaşyklary durnuklaşdyrmak, 
sarp ediş bazaryny dikeltmek we kadalaşdyrmak, ýurdumyzyň bü­
tewi bazar ulgamyny döretmek üçin şertleri üpjün etmek zerurdyr.


138
Geçiş döwründe hümmetsizlenmäni peseltmek baradaky maksat­
namany işläp düzmek, GDA ýurtlarynyň arasynda özara hasaplaşyk-
laryň düzgünlerini ýola goýmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny 
we täze tehnologiýany ulanmak baradaky çäreleri kämilleşdirmek, 
ykdysadyýeti dolandyrmagy ymykly üýtgedip guramak meýilnama­
syny kabul etmek, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ykdysadyýete 
ornaşdyrmak hem zerurdyr.
Bu döwürde bazar gurluşynyň aýry-aýry bölekleri hereket edip 
başlaýar, ykdysady ösüş üçin esas döreýär, içerki höwes emele gelýär, 
jemgyýetiň ýaşaýyş derejesi durnuklaşyp, ýokarlanyp ugraýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   87   88   89   90   91   92   93   94   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling