B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Pul-karz syýasatynyň gurallary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet99/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Pul-karz syýasatynyň gurallary
Pul-karz syýasaty Merkezi bank tarapyndan karzyň we pul aý­
lanyşygynyň ýagdaýyna meýilleşdirilen täsir etmek arkaly işewürlik 
derejesini düzgünleşdirmek maksady bilen geçirilýän özara baglany­
şykly çäreleriň toplumydyr.
Merkezi bank pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy 
hyzmaty ýerine ýetirýär. Şonluk bilen, ol ykdysady ösüş üçin amat­
ly şertleri üpjün etmäge ymtylýar we ykdysady ösüşiň depginlerini 
düzgünleşdirmek, döwürleýin gaýtalanýan üýtgäp durmalary ýum-
şatmak, puluň hümmetsizlenmegini bökdemek, daşary ykdysady ara­
gatnaşyklaryň deňagramlylygyny gazanmak ýaly anyk maksatlara 
eýerýär. 
Döwletiň Merkezi bankynyň pul-karz syýasatynyň iňňän möhüm 
gurallary şulardyr:
1. Maýa goýumlarynyň ösüşini çäklendirmek. Merkezi bank 
täjirçilik banklary tarapyndan amala aşyrylýan karz goýumlarynyň 


148
ösüşini çäklendirýär. Ol belli bir wagtyň dowamynda karz amallary­
nyň üstünden geçýän pullaryň ýokarlanmagynyň täjirçilik banklary 
üçin göterim kadalaryny belleýär.
2. Hasaba alyş-diskont we lombard syýasatlary. Olar ulanylan 
mahalynda Merkezi bank ýurduň beýleki banklarynyň esasy karzlaş­
dyryjysy bolup çykyş edýär. Ol banklardaky aýlanyşykda duran wek­
seller gaýtadan hasaba alnan mahalynda karzlary berýär, munuň özi 
diskont syýasaty bolýar; banklaryň gymmatly kagyzlarynyň girewine 
alnyp karz berilmegi bolsa lombard syýasatydyr. 
Karzlar boýunça Merkezi bank tarapyndan kesgitlenýän göterim 
derejesine resmi hasaba alyş-diskont ýa-da lombard göterim derejesi 
diýilýär. Hasaba alyş derejesini üýtgetmek arkaly Merkezi bank jemi 
hyrydarlyga we jemi hödürlemä täsir edýär.
3. Açyk bazardaky amallar – ätiýaçlyklary döwletiň karz ulga­
myna goşmak ýa-da ol ýerden yzyna almak maksady bilen ýurduň 
Merkezi banky tarapyndan gymmatly gaznaçylyk kagyzlarynyň açyk 
bazarda satyn alynmagy ýa-da satylmagydyr.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   95   96   97   98   99   100   101   102   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling