B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet97/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Karz-bank ulgamy
Häzirki zaman karz-bank ulgamy uzak döwürdäki taryhy ösüşiň 
we karzlaşdyryş edaralarynyň bazar ykdysadyýetiniň hajatlaryna uý­
gunlaşmagynyň netijesi bolup durýar. Institusional nukdaýnazardan 
karz-bank ulgamy döwlet tarapyndan ykdysadyýeti düzgünleşdirmek 
üçin işjeň peýdalanylýan pul-maliýe edaralarynyň toplumydyr.
Häzirki zaman karz ulgamynda üç sany esasy dereje, ýagny Mer­
kezi bank, täjirçilik banklary we ýöriteleşen karz-maliýe edaralary 
bölünip çykýar.
Karz ulgamynyň birinji derejesi Merkezi bank bolup, ol möhüm 
wezipeleriň birnäçesini ýerine ýetirýär. Şol wezipeleriň arasynda 
aşakdakylary aýratyn görkezmek bolar: 
• bank biletleriniň aýlanyşyga goýberilmegi (emissiýa wezipesi);
• döwletiň gyzyl pul ätiýaçlyk gorlarynyň saklanmagy;
• beýleki karz edaralarynyň ätiýaçlyk gorlarynyň saklanmagy;
• ykdysadyýetiň pul-karz düzgünleşdirilişiniň amala aşyrylmagy;
• täjirçilik banklarynyň karzlaşdyrylmagy we döwlet edaralaryna 
kassa hyzmatlarynyň edilmegi;
• hasaplaşyklaryň we pul geçirme amallarynyň geçirilmegi;
• karzlaşdyryş edaralarynyň işine gözegçilik edilmegi.
Karz ulgamynyň ikinji derejesine täjirçilik banklary degişli bo­
lup, olar fiziki we ýuridik şahslar hökmündäki müşderiler bilen gös-
göni iş salyşýarlar. Täjirçilik banklarynyň hyzmatlarynyň arasynda şu 
görnüşler bölünip çykarylýar: 


145
10. Sargyt №50
– göni karzlaşdyryş, ýagny gaýtaryp bermek, töleglilik we 
möhletlilik şertlerinde ssuda berilmegi;
– bank maýa goýumlary, ýagny bank tarapyndan paýnamalaryň, 
obligasiýalaryň satyn alynmagy; 
– lizing, ýagny dürli görnüşdäki emlägiň we enjamlaryň bankyň 
arada durmagyndaky kärendesi; 
faktoring, ýagny müşderiniň algysynyň hasapdaky pulunyň 
haýal etmän ýa-da bergi üzüldigiçe inkasso edilmegi; 
trast amallary, ýagny müşderiniň maýasyny dolandyrmak 
boýunça amallar.
Karz ulgamynyň üçünji derejesine ýöriteleşen karz-maliýe 
edaralary – pensiýa gaznalary, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, maýa 
goýum we ipoteka banklary, karz-süýşürintgi assosiasiýalary we 
ş.m. degişlidir. Olar özlerinde köp möçberlerdäki pul serişdelerini 
jemleýändikleri üçin pul syýasatyna uly täsir edýärler.
Ykdysadyýetiň kadaly işlemegi üçin bank ulgamynyň durnukly 
bolmagy zerurdyr. Bank ulgamynyň işlemeginiň bozulmagyna getir-
ýän sebäplere şular degişlidir: 
• milli puluň hümmetiniň durnuksyz bolmagy;
• Merkezi bankyň şowsuz karz-pul syýasaty;
• paýhassyz salgyt syýasaty;
• depozitleri ätiýaçlandyryş ulgamynyň bolmazlygy.
Karz-bank ulgamyny durnuklaşdyrmagyň çärelerine şular de­
gişlidir:
• bank kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi;
• iň aşak bank ätiýaçlyklarynyň derejesiniň we hasaba alyş staw­
kasynyň derejesiniň laýyk getirilmegi;
• karz-bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ösdürilmegi we 
karz bazarynyň sygymynyň düzgünleşdirilmegi.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   93   94   95   96   97   98   99   100   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling