B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet105/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§1. Ýaşaýşyň derejesi we hili
Ýaşaýyş derejesi ynsan islegleriniň adamlar tarapyndan özleriniň 
dürli hajatlary üçin öndürilýän we sarp edilýän maddy, durmuş we 
medeni nygmatlaryň we hyzmatlaryň mukdary we hili bilen şertlen­
dirilen kanagatlandyrylyş derejesidir.
Ýaşaýyş derejesiniň baş görkezijisi hökmünde jemi içerki önü-
miň ilatyň jan başyna düşýän möçberi çykyş edýär. Ýaşaýyş dere­
jesiniň hakyky ýagdaýyna göz ýetirmek üçin deňeşdiriş binýadyny 
kabul etmek zerur, ol hem oňşugyň möçberidir.
Oňşugyň möçberi – bu her bir adamyň durmuş taýdan kabul 
ederlik mynasyp ýaşaýş derejesini saklamak üçin onuň fiziki, durmuş 
we ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen harytlaryň we hyz­
matlaryň iň az mukdardaky gymmatlyk möçberidir.
Oňşugyň möçberi iň az sarp edişiň gymmatyna barabar bolan jan 
başyna düşýän girdejidir. Fiziologik we durmuş oňşugynyň möçber­
leri öz aralarynda tapawutlandyrylýar. 
Ýaşaýşyň hili – munuň özi adamlaryň maddy we medeni islegle­
riniň kanagatlandyrylyşynyň hilidir. Ýaşaýşyň hili jemgyýetiň maddy 
we ruhy islegleriniň ýokarlanyş kanunalaýyklygyny beýan edýär, bu 
hem maddy we maddy däl önümçilikleriň ösmeginiň we kämilleşme­
giniň netijesi bolup durýar. 
Ýaşaýşyň hiline köp dürli görkezijiler bilen baha berilýär. Olara 
iýmitiň hili, egin-eşikleriň döwrebaplygy we hili, ýaşaýyş jaýynyň 
amatlylygy, bilime, medeni we ruhy gymmatlyklara, döredijilikli 
zähmet çekmäge, howpsuz ýaşamaga bolan islegleriň kanagatlandy­
rylyş derejesi ýaly ençeme görkezijiler degişlidir.
§2. Adamyň durmuş islegleri
Isleg, zerurlyk hökmünde düşünilýän isleg bolup, ol önümçilik-
ykdysady işiň hereketlendiriji güýji, höweslendirijisi manysyndaky 
esasy hyzmaty bitirýän ilkinji ykdysady düşünjeleriň hatarynda dur-
ýar. Durmuş islegleri örän köp dürlüdir.
Islegleriň şeýle köp dürlüligini olaryň görnüşlerini bölüp çy­
karmak arkaly toparlamak mümkindir. Ozaly bilen şahsy (ýekebara), 


158
maşgala, köpçülikleýin (toparlaýyn), jemgyýetçilik we döwlet is­
leglerini tapawutlandyrmak bolar. Şol görnüşleriň her birisi islegle­
riň subýektiniň, şeýle islegleriň gelip çykmagyna we haýsy bähbitleri 
aňladýandygyna dahylly adamlaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Ýüze çykyş ýa-da kanagatlandyryş möhletlerine baglylykda, hä­
zirki we geljekki, gysga möhletli we uzak möhletli islegler öz arala­
rynda tapawutlanýar. Möhümlik derejesi boýunça birinji derejeli we 
ikinji derejeli islegler bölünip çykarylýar.
Durmuş islegleriniň aýry-aýry görnüşlerine seredip geçeliň.
Şahsy islegler iýmite, egin-eşige, aýakgaba, ýaşaýyş jaýyna, 
öý hojalyk zatlaryna, durmuş hyzmatlaryna, ruhy we medeni gym­
matlyklara, bilime, saglygy goraýşa, zähmete we dynç almaga, my­
nasyp durmuş goraglylyga, maglumatlara, ulaga, aragatnaşyga, şahsy 
howpsuzlyga, şahsy hukuklaryň goralmagyna bildirilýär. Bir söz bi­
len aýdylanda, şularyň hemmesi her bir adama gereklidir. 
Maşgalanyň islegleri öz görnüşleri we düzümi boýunça şahsy 
isleglere ýakyndyr. Emma maşgalada olardan başga isleglerem ýüze 
çykýar. Ýaşaýyş jaýa, öý hojalyk zatlaryna bolan isleg artýar, çagala­
ra seretmek boýunça täze islegler döreýär we ş.m.
Durmuş toparlaryň islegleri – bu belli bir bähbitleri esasynda bir 
topar adamlaryň umumy islegleridir.
Işgärler köpçüliginiň islegleri – munuň özi toparlaýyn islegleriň 
bir görnüşi bolup, şonda işgäriň şahsyýet hökmündäki aýrybaşgalaşan 
isleglerinden başga-da, işgärler köpçüliginde emele gelýän umumy is­
leglerdir. Iş meseleleriniň bileleşip çözülmeginiň, önümçilikden daşga­
ry pikir alyşmagyň, işgärleriň arasyndaky dawalary aradan aýyrmagyň, 
amatly zähmet we dynç alyş şertlerini döretmegiň zerurlygy ýüze çykýar. 
Jemgyýetçilik islegleri döwlet, milli, sebitleýin, dini, taryhy şert­
leriň täsiri astynda ýüze çykýar hem-de şol görnüşlere hem eýe bol-
ýar. Olara ilki bilen jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň goralmagyna, 
milli medeniýetiň we däp-dessurlaryň ösdürilmegine, taryhy we me­
deni ýadygärlikleriň, daşky tebigy gurşawyň goralyp saklanmagyna 
bolan islegler degişlidir. Has giň manyda aýdylanda, jemgyýetçilik 
isleglerine bütin halkyň, ähli adamlaryň medeni gymmatlyklara, bi­
lime, saglygy goramaga, bedenterbiýä we sporta, zähmet şertleriniň 
gowulandyrylmagyna we dynç almaga bolan islegleri degişli edilýär.


159
Durmuş islegleri öwrenmegiň nazaryýetinde we iş tejribesinde 
şahsy, maşgala, köpçülikleýin we jemgyýetçilik islegleriniň kanagat­
landyrylyşyny öz aralarynda utgaşdyrmak meselesi möhüm ähmiýete 
eýe bolup durýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling