B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet102/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Salgyt salnyş ýörelgeleri
Ideal salgyt ulgamy diýilýäniň häsiýetnamalaryna seredip geçe­
liň. Kesgitlemä laýyklykda, salgyt salyş ulgamy ýurtda salgytlaryň 
ýygnalşyny üpjün edýän kadalaryň, düzgünleriň we olary durmuşa 
geçirýän edaralaryň köplügidir.
Salgyt ulgamynyň nähili bolmalydygy baradaky sowala aşakda 
sanalyp geçilýän alty sany ýörelge jogap bolup durýar, emma munuň 
özi dünýä ýurtlarynda hakykatda, hereket edýän salgyt ulgamlarynyň 
şol ýörelgelere doly gabat gelýändigini aňlatmaýar.
1. Netijelilik ýa-da bitaraplyk ýörelgesi salgytlaryň bazardaky 
erkin bäsdeşlik şertlerine laýyk gelýän gatnaşyklary mümkin boldu­
gyça ýoýmaly däldir (döwlet tarapyndan gatyşylmagy esasly hasap 
edilýän daşarky täsirleriň nazara alynýan halatlaryndan başga).
2. Çeýelik ýörelgesi salgyt salnyş ulgamynyň ykdysady ýagdaýyň 
üýtgemegine duýgurlygyny ýüze çykarmagy bilen baglanyşyklydyr.
3. Dolandyryş babatynda ýönekeýlik ýörelgesi salgyt ulgamy­
nyň tutuşlygyna alnanda edara ediş babatyndaky çykdajylarynyň az 
bolmagy, onuň aýdyňlygy we salgyt tölemekden boýun gaçyrmagyň 
kyn bolmagy bilen häsiýetlenýändigini aňladýar.
4. Şahsyýetiň ileri tutulmak ýörelgesi salgyt ulgamynyň her bir 
raýat üçin deň şertleriň döredilmegine däl-de, deň mümkinçilikleriň 
berilmegine gönükdirilmelidigi bilen baglanyşyklydyr.
5. Syýasy jogapkärçilik ýörelgesi salgyt töleýjileriň hut özleriniň 
salgyt töleýändiklerini we şondan gelip çykýan jogapkärçilige akyl 
ýetirmelidiklerini aňladýar.
6. Adalatlylyk ýörelgesi salgyt töleýjileriň bir topary üçin salgy­
dynyň aşa agyr, beýleki toparlary üçin ýeňil bolmazlygyny aňladýar.
§4. Döwlet býujeti we onuň wezipeleri
Makroykdysady düzgünleşdirişiň iňňän möhüm guraly bolup
pul-karz syýasaty bilen bir hatarda, döwletiň salgyt-býujet syýasaty 
çykyş edýär.


153
Salgyt-býujet syýasaty – munuň özi döwlet çykdajylaryny we 
salgyt salnyşyny üýtgetmek arkaly işewürlik ýagdaýyna döwletiň tä­
sir etmegidir. Ol milli girdejiniň derejesine, şunlukda hem, önümçi­
ligiň möçberine, iş bilen üpjün ediş derejesine, şonuň ýaly-da nyrh­
laryň derejesine täsir edýär. Salgyt-býujet syýasaty, hususan, işsizlik 
we puluň hümmetsizlenmegi bilen baglylykda, ykdysady ýagdaýyň 
ýaramaz tarapa üýtgemegine garşy gönükdirilendir.
Döwlet býujeti – bu döwlet işiniň onuň ähli pul serişdelerini we 
girdejilerini hem-de olaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň 
ugurlary boýunça paýlanyşyny beýan edýän maliýe meýilnamasydyr. 
Ol döwletiň girdejileriniň we çykdajylarynyň jemidir.
Býujetiň çykdajylary öz düzümi boýunça şu ugurlara gönükdi-
rilýär:
• jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlar;
• umumy häsiýetli döwlet hyzmatlary;
• ykdysady işler bilen baglanyşykly döwlet hyzmatlary.
Döwlet býujetiniň girdejileri, ilkinji nobatda, merkezi we ýerli 
häkimiýet edaralary tarapyndan alynýan salgytlardan we ýygymlar­
dan emele gelýär. 
Býujetiň defisiti. Döwlet býujetiniň çykdajylary we onuň girde­
jileri mydama gabat gelip durmaýar. Eger girdejiler çykdajylardan 
agdyk gelse, oňa býujet profisiti ýa-da agdyk gelmesi diýilýär. Ter­
sine bolanda, ýagny çykdajylar girdejilerden köp bolsa, onda býujet 
defisiti ýüze çykýar. 
Býujet işi döwletiň girdejileriniň we çykdajylarynyň deňag-
ramlaşdyrylan ýagdaýda bolmalydygyny göz öňünde tutýar. 
Döwletiň çykdajylarynyň girdejilerden agdyk gelmegi şu sebäp-
lere görä ýüze çykýar:
• jemgyýetçilik durmuşynyň, durmuş ösüşiniň düzgünleşdiril­
megi kanunçylyga laýyklykda, döwlete degişli bolan ýaýrawlarynda 
onuň ähmiýetiniň ýokarlanmagy;
• döwlet diwanynyň işgär sanynyň köpeldilmegi;
• hojalyk ýörediş şertleriniň üýtgäp durmagy, ykdysady çökgün­
lik hadysalarynyň täsiri we ş.m.


154
Makroykdysadyýetiň nazaryýetinde býujeti deňagramlaşdyrmak 
meselesiniň çözülmeginde üç sany çemeleşme tapawutlandyrylýar: 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   98   99   100   101   102   103   104   105   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling