B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet110/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   106   107   108   109   110   111   112   113   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Durmuş ykdysadyýeti diýip nämä düşünýärsiňiz?
2. Ýaşaýyş derejesi bilen ýaşaýşyň hili düşünjeleriniň nähili tapawudy bar?
3. Isleg diýip nämä düşünýärsiňiz?
4. Durmuş islegleriniň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz?
5. Islegleriň tapawudyny açyp görkezmäge synanyşyň.
6. Sarp ediş býujeti näme?
7. Maşgalanyň rejeli sarp ediş býujetine nähili düşünýärsiňiz?
8. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri barada aýdyp beriň.
9. Durmuş üpjünçiligi diýmek nämäni aňladýar?
10. Türkmenistanda durmuş kömeginiň haýsy görnüşleri berilýär?
11. Lukmançylyk kömegi barada gürrüň beriň.
12. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde durmuş deňligi we adalatlylygy
barada düşünje beriň.


165
ХVI. 
DURMUş YKDYSADYÝETINIŇ ESASY
PuDAKlARY
§1. Bilim we medeniýet
Bilim. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkme­
nistanda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeler milli bilim ul­
gamynyň ösüşi bilen pugta baglanyşyklydyr. Bilim jemgyýetiň ruhy, 
durmuş, ykdysady we milli ösüşiniň esasy hökmünde döwleti ösdür­
megiň ileri tutulýan pudagyny düzýär. Türkmenistanda bilim ynsan­
perwerlik, demokratiýa, adamlaryň hem-de halklaryň arasynda özara 
hormat goýmak başlangyçlaryna esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk-
menistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyryly şy” atly 
düýpli işinde “Häzirki döwürde jemgyýetiň hakyky gymmatlygynyň ýe­
rasty baýlyklardan däl-de, adamlardan, olaryň bilim lerinden, hünär taý­
dan we adam hökmünde berýän netijesinden ybaratdygyny” belleýär. Bu 
sözlerde biziň ähli ugurlardaky, şol sanda ýurdumyzdaky bilimde amala 
aşyrylýan özgertmelerimiziň logikasy we many-mazmuny jemlenýär.
Türkmenistanda milli bilim ulgamy Türkmenistanyň Konstitu­
siýasyna, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle hem 
halkara hukugynyň kadalaryna we ýurduň bilim ulgamy babatdaky 
gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalaryna 
laýyklykda durmuşa geçirilýär.
2012-nji ýylyň oktýabr aýyndaky Ýaşulular maslahatynda çykyş 
edip, ýurduň Lideri “umumybilim berýän mekdepleri on iki ýyllyk 
etmegiň, daşary ýurt dilinde bilim berýän ýokary okuw mekdeple­
riniň, şeýle hem tölegli bilim berýän guramalaryň döredilmeginiň” 
wajyplygy hakyndaky tezisi öňe sürdi.
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (9-njy madda) bilim 
basgançagyna laýyklykda okatmagyň ýeke-täk ulgamynyň döredil­
megini göz öňünde tutýar. Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta 
bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, bilimiň şu aşakdaky 
basgançaklary bellenildi: mekdebe çenli; umumorta bilim; başlangyç 
hünär bilimi; orta we ýokary hünär bilimi; ýokary bilim mekdebinden 
soňky hünär bilimi.


166
Bilim basgançagy we üznüksiz okuw ulgamy Milli bilim nusga-
syny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň bilim nusga­
synda bilim edaralarynyň arasynda okuwyň yzygiderliligi görkezilýär. 
Ýurduň bilim edaralarynda okatmak bellenilen tertipde bilimi 
dolandyrýan döwlet edaralary tarapyndan tassyklanan ýa-da ylalaşy­
lan okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna laýyklykda amala 
aşyrylýar.
Üznüksiz bilimiň milli ulgamynyň bölekleriniň biri-de mekdebe 
çenli çagalar edaralarydyr, olarda bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar 
gözegçilik astynda durýarlar we terbiýelenýärler. Çagalar alty ýaşyna 
ýetenlerinde, orta bilimiň ýeke-täk milli maksatnamasyny durmuşa 
geçirmeli umumybilim berýän mekdeplerde üznüksiz bilimi dowam 
etdirýärler. Mekdeplerde okamak Türkmenistanyň raýatlarynyň çaga­
lary üçin mugtdur.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan­
da ýokary we orta hünär bilimini almaga umumy orta bilim ber ýän 
mekdeplerde on iki ýyllyk okuw gerek. Umumy orta bilim berýän 
mekdepleri tamamlanlaryndan soň okuwçylar ýokary hünär bilimini 
almak maksady bilen, okuwyny dowam etdirmek üçin uniwersitete 
ýa-da instituta girip bilerler, şeýle-de başlangyç ýa-da orta hünär ber-
ýän mekdeplerde okap bilerler. 
Ýokary hünär biliminiň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýeti­
niň pudaklary üçin taýýarlyk we hünär ugurlary boýunça hünärli iş­
gärleri nazary we amaly taýdan düýpli taýýarlamak, şeýle hem bilimi, 
ylmy-mugallymçylyk hünärini çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde şah­
syýetiň isleglerini doly kanagatlandyrmak bolup durýar.
Ýokary hünär bilimini almak üçin uniwersitetde ýa-da institut da 
kärine we okuwyň görnüşlerine baglylykda, bäş ýa-da alty ýyl okamaly, 
bu bolsa gutarnykly maksat bolup biler ýa-da ýokary okuw mekdebin­
den soň hünär bilimini dowam etdirmek üçin esas bolup biler.
Milli bilim ulgamynyň esasyny umumy orta bilim berýän, ýoka­
ry we orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri düzýär. 
Şu aşakdaky maglumatlar olaryň ösüşine şaýatlyk edýärler (24-nji 
tablisa).


167
24-nji tablisa

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   106   107   108   109   110   111   112   113   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling