B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§4. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
§4. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri
Durmuş goragy gymmatlyklar ulgamy hökmünde adamyň we ilatyň durmuş toparlarynyň jemgyýetdäki hukuklarynyň berjaý edil meginden ötri, özara baglanyşykly kanunçylyk, ykdysady we durmuş şertleriniň häsiýetnamasyny aňladýar hem-de olaryň döwlet edarala ryna daýanyş derejesini beýan edýär. Adamyň bähbitleriniň durmuş taýdan goralmagy ony işsizlikden, kesellän, çaga dogran, önümçilik şikeslenmesine sezewar bolan, maýyp bolan, garran mahalynda we ş.m. ýagdaýlarda girdejisini ýi tirmekden we onuň kemelmeginden goramaklygyň çäreler ulgamyny, şonuň ýaly-da bilim, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň edilmegini we çagaly maşgalalara hemaýat edilmegini öz içine alýar. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi ilatyň durmuş taýdan goragly lygynyň düýpli üýtgedilmegini talap edýän täze şertleri herekete ge tirýär. Şol şertler, ozaly bilen, ykdysadyýetiň döwlet eýeçiliginden aýrylmagy we hususyýetleşdirilmegi, täze döredilen gymmatyň paý lanyşyndaky we nyrh emele gelşindäki üýtgeşmeler, ykdysadyýetiň düzüm taýdan özgerdilmegi we başgalar degişlidir. Şonuň üçin bazar ykdysadyýetinde ilaty durmuş taýdan gorama gyň täze mehanizmini döretmek zerurdyr. Ol hem aşakdaky ýörelge lere esaslanýar: • telekeçileriň girdejileriniň salgyt mehanizmi arkaly düzgünleş dirilmegi; • zähmete hak tölemekdäki hökmany binýat hökmünde hakyna tutma işgärleriň iş hakynyň iň aşak derejesiniň kanunçylyk tertibinde tassyklanyp kepillendirilmegi; 161 • iş hakyny indeksleşdirmek arkaly ilatyň ýaşaýyş derejesiniň go ralmagy; • durmuş ýagdaýyna, ýaşyna, zähmete bolan ukybyna, maşgala synyň düzümine baglylykda, ilatyň durmuş-demografik toparlarynyň meselelerine dürlüçe çemeleşilmegi; • döwlet tarapyndan öz raýatlaryna berilýän kanunçylyk arkaly berkidilen durmuş-ykdysady kepillikleriniň ulgamynyň döredilmegi. Türkmenistanda hut şonuň ýaly hukuk binýady döredilýär. Durmuş goragy ulgamy ähli derejelerde, ýagny milli, sebitleýin (welaýat, şäher, etrap) zähmet toparlary we maşgala derejelerinde he reket etmelidir. Ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamy ýurtda bazar gatnaşykla ryny döwrebap, adalatly esasda ýola goýluşynyň ölçegi bolup durýar. Durmuş goragy we durmuş kepillikleri adalatlylygy yzygiderli amala aşyrmagyň şertleridir. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling