174
dag” stadionynyň durky täzelendi. Ähli welaýatlarda täze, häzirki
zaman stadionlary işe girizildi. Aşgabadyň etegindäki “Saglyk” ýoly
paýtagtyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň mydama gelim-gidimli
ýerine öwrüldi.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň
bol ma gy paýtagtymyzy sportuň dürli görnüşleri boýunça milli, sebit-
leýin we dünýä ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän ýerine öwürdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda
sporty mundan beýlägem ösdürmegiň esasy wezipelerine ilatyň giň
gatlaklaryny bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, beden
taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, dünýä derejesindäki ýa
ryşlara gatnaşmaga taýýarlykly türgenleri ýetişdirip, sportuň maddy
binýadyny has-da pugtalandyrmak degişlidir.
Şu wezipeleri çözmek üçin paýtagtda Olimpiýa şäherçesi döredil-
ýär. Ýurduň ähli künjeklerinde dürli sport desgalary bar, welaýatlaryň
hemmesinde at çapylýan aýlawlar gurulýar.
Iri senagat kärhanalarynyň we iri edaralaryň ýanlarynda olaryň
öz serişdeleriniň hasabyna bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň,
sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň gurulmagy göz
öňünde tutulýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky
şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini
özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatna
masynyň” çäklerinde ýurtda jemi 75,5 müň orunlyk sport mekdepleri
we
merkezleri, şonuň ýaly-da 180 sany sport desgaly binalar gurlar.
şeýlelik bilen, şu çäreleriň durmuşa geçirilmegi
netijesinde
hem-de ilatyň giň gatlaklarynyň sagdyn ýaşaýş durmuşyna girmegi
bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetçilik
ýaşaýşynyň iň möhüm ýaýrawlarynyň birine öwrüler.
Do'stlaringiz bilan baham: