B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§3. Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet114/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§3. Saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk
Saglygy goraýyş. Jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmün­
däki ilatyň saglygy döwletiň üns merkezinde durýar. 
Türkmenistanda 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” maksatnama-
sy saglygy goraýşy ösdürmegiň we ilata edilýän lukman çylyk hyzmat­
larynyň hilini ýokarlandyrmagyň ýörelgesini (strategiýasyny) kesgitledi. 
Bu maksatnamany tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň netijesinde 
ýurduň saglygy goraýyş ulgamy üýtgedilip guruldy, onuň dolandyry­
lyşy kämilleşdirildi, ätiýaçlandyryş lukmançylygy girizildi. 
Ilatyň saglygyny gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistan­
da duzuň ýodlaşdyrylmagy, agyz suwunyň arassalygyny üpjün etmek, 
ýurtda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän adam saglygyna 
howp salyp biljek önümleriň gigiýena taýdan sertifikasiýa edilmegi 
ýaly döwlet derejesindäki iri möçberli öňüni alyş çäreleri geçirilýär. 
Bu çäreler keselleriň öňüni almaga we sagdyn ýaşaýyş keşbini emele 
getirmeklige gönükdirilendir.
Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmekde düýpli üýtgeşme­
ler bolup geçdi. Häzirki wagtda bejeriş we keselleriň öňüni alyş eda­


173
ralarynyň bir toparyny döretmek we lukmançylyk işgärlerini taýýar­
lamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Bu işleriň amala aşyrylmagyna döwlet býujetinden saglygy go­
raýyş ulgamyna goýberilýän maliýe serişdeleriniň ýylsaýyn köpelme­
gi ýardam edýär. Goýberilýän serişdeleriň özleşdirilmegi şu işleriň 
ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berdi: 
• bejeriş-öňüni alyş we arassaçylyk-gigiýena çäreler toplumynyň 
amala aşyrylmagy;
• lukmançylyk we ylmy edaralaryň sanynyň artdyrylmagy hem-
de olaryň zerur ehjamlar bilen üpjün edilmegi;
• lukmançylyk ugrundan ökde hünärli işgärleriň taýýarlanmagy;
• ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň gowulandyrylmagy.
Bu çäreleriň hemmesi ilat üçin amatly ýaşaýyş, zähmet we dur­
muş şertleriniň döredilmegine ýardam etdi. 
Ilatyň saglygynyň goralyşyny mundan beýläk hem gowulan­
dyrmak üçin Türkmenistanda “Saglyk” maksatnamasynyň durmuşa 
geçirilmegi dowam etdirilýär, ýagny dünýäniň iň gowy iş tejribesiniň 
gazananlary öwrenilýär we durmuşa ornaşdyrylýar. Meselem, Aşga­
batda Merkezi deri-wenerologik hassahanasy, Inçekesel bejeriş-öňüni 
alyş merkezi, AIDS-iň öňüni alyş merkezi, Ýokanç keselleriň beje­
riş-öňüni alyş merkezi, Gan merkezi, Türkmen döwlet lukmançylyk 
uniwersitetiniň binasy guruldy.
Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramagyň iňňän möhüm me­
seleleriniň jemgyýetde sagdyn ýaşaýşyň berkarar bolmagy, bedenter­
biýe-sagaldyş çäreleriniň ösdürilmegi, häzirki zaman saglygy goraýyş 
infrastrukturasynyň döredilmegi bolup durýar. Bu infrastrukturanyň 
düzümine lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, sport, sy­
ýahatçylyk we dynç alyş merkezleri hem girýär.
Saglygy goraýyş pudagynda ýurduň derman senagaty barha ösýär. 
Saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmegiň strategiýasy, oza­
ly bilen, ýurduň her bir raýatynyň saglygyny dünýäniň gazananlarynyň 
derejesinde goramaklygyň üpjün edilmegine, lukmançylyk hyzmatla­
rynyň hiliniň düýpgöter gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling