B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet113/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

gönükdirilmelidir:


171
• önümçiligiň we hyzmat gurşawynyň innowasiýa tehnologiýa­
laryny kabul edijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän we 
döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeliligini üpjün edýän rejeli 
guralyny döretmek.
• gurluş-tehnologik kämilleşdirmäni amala aşyrmak we ýokary 
netijeli innowasiýa giňişligini döretmek.
• içerki we daşarky maliýe çeşmelerini netijeli peýdalanmak mak­
sady bilen milli we halkara innowasiýa prosesleriniň bilelikdäki rejeli 
hereketini guramak.
Ýurdumyzda geljek döwür üçin ylmyň we tehnologiýanyň ileri 
tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin degişli ylmy we ylmy-
pedagogik güýç, kuwwat bar. 
2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ylmy barlaglary we inno­
wasiýa işläp düzmelerini ýerine ýetirýän işgärleriň umumy sany (ýo­
kary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärlerini goşmak bilen) 
4748 adam bolup durýar, olardan ylymlaryň doktory we kandidaty 
alymlyk derejesi bolanlar 883 adam ýa-da 18,6%. 2014-nji ýylyň 
1-nji ýanwaryna çenli ýokary okuw mekdeplerindäki ylmy-pedagogik 
işgärleriň sany 3102 adam bolup durýar, olardan ylymlaryň doktory 
we kandidaty alymlyk derejesi bolanlar 622 adam ýa-da 20,1% (40, 
252 sah.).
Milli ylmyň mundan beýläkki ösüşi Türkmenistanyň ylmy-tehniki 
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary arkaly kesgitlenilýär. Ol bol­
sa strategik milli bähbitleri üpjün etmeklige – ilatyň durmuş ýagdaýy­
ny ýokarlandyrmaklyga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazan­
maklyga, maksady Türkmenistanyň innowasiýa ösüş ýoluna geçmegi 
bolup durýan ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilendir.
Bu ýagdaýy bazar ykdysadyýetine geçmeklige, ykdysady özbaş­
daklygyň güýçlenmegine, ýurduň Garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna 
ýardam eder. Şeýle-de özi öz gezeginde, döwletiň ylmy-tehniki syýa­
satyny işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga täzeçe çemeleşmele­
ri talap eder. Şonuň üçin ýurduň bazar ykdysadyýetine geçip ösýän 
şertlerinde ylmy-tehniki gurşawyň hereket etmeginiň hukuk esasla­
ryny döredýän kadalaşdyryjy namalaryň toplumyny işläp düzmek we 
kabul etmek zerurdyr. 


172
Şonuň üçin döwlet dolandyryş edaralary netijeli ylmy tehniki 
gurşawy durmuşa geçirmek boýunça çäreleri işläp düzmelidirler we 
amala aşyrmalydyrlar, degişli döwlet we sebit ylmy-tehniki maksat­
namalaryň çäklerinde, öz ylmy guramalarynda ylmy barlaglary we in­
nowasiýa işläp düzmeleri utgaşdyrmalydyrlar, ýurt üçin tehnikalaryň 
we innowasiýa tehnologiýalarynyň geljegi uly bolan täze görnüşlerini 
özleşdirmäge ýardam etmelidirler.
şeýlelikde, ýurduň milli ylmy-tehniki gurşawynyň ösüş strate­
giýasy döwlet tarapyndan degerli goldaw edilmeginde ylmyň gaza­
nanlaryna we öňdebaryjy tejribä esaslanýan tehnika, tehnologiýalar, 
zähmeti guramak we dolandyrmak ugurlarynda innowasiýa prosesle­
rini sazlaşykly ulanmak, şeýle hem ylmy-tehniki işi netijeli, toplum­
laýyn dolandyrmak ulgamynyň esasynda milli ykdysadyýetiň dürli 
ugurlarynda we gurşawlarynda innowasiýalary peýdalanmak arkaly 
amala aşyrylmalydyr.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling