B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Dolandyryş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet121/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Dolandyryş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy
Milli ykdysadyýetiň häzirki zamandaky ösüş derejesi, onuň ge­
riminiň giňelmegi dolandyryş edaralarynda hojalygy guraýyş işiniň 
ýaýbaňlandyrylmagyny, olaryň wezipeleriniň giňelmegini, olar ta­
rapyndan dolandyryşyň täze usullarynyň ulanylmagyny göz öňünde 
tutýar. Bu möhüm oňyn meýiller ol ýa-da başga bir görnüşde ýurduň 
ykdysadyýetiniň ähli ýaýrawlarynda ýüze çykýar. 
Häzirki zaman ykdysady hadysalarynyň häsiýeti milli ykdy-
sadyýetiň umumy we özboluşly ösüş meýillerini has takyk kesgitle­
mekden başga-da, düzümleýin ilerlemeleri toplumlaýyn seljerip 
görmek zerurlygyny öňe sürýär. Dolandyryşyň netijeli guramaçy­
lyk düzümini kesgitlemegiň usulyýet esaslarynyň işlenip düzülmegi 
könelişen önümçilik ülňülerini döwrebaplaşdyrmak üçin mümkin 
bolan serişdeleri agtarmagyň täsirli ýollaryna bolan isleg arkaly kes­
gitlenýär. Bu meseläniň çözgüdi milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň 
rejeli görnüşleriniň gözlenmeginden hem-de onuň üýtgedilip gurul­
magyndan ybaratdyr. 
Milli ykdysadyýetiň emele gelen düzümi we dolandyryşyň däp 
bolup gelýän görnüşleri häzirki zaman ykdysady hadysalaryna aňry­
baş gabat gelmeýär, jemgyýetiň täze durmuş isleglerini kanagatlan­
dyrmaýar. Ykdysadyýetiň ähli düzüm birlikleriniň kadaly işlemegini 
üpjün etmek üçin ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, şonuň ýaly-da 
durmuş-ykdysady mehanizmdäki düzümleýin ilerlemeler babatdaky 
toplanan oňyn tejribäni peýdalanmak arkaly dolandyryşyň bar bolan 
usullarynyň we serişdeleriniň kämilleşdirilmegi zerurdyr.
Dolandyryşyň düzümi diňe bir innowasion hadysalar we önümçi­
ligiň ugry bilen däl, eýsem, hojalygyň ölçegi, esasy serişdeler bilen 
abzallaşdyrylyş derejesi, kärhanalaryň ýöriteleşmesi we önümçiligiň 
bir ýere jemlenmegi, çig mal binýadynyň, önümçilik kuwwatynyň de­
rejesi, zähmet çeşmeleri bilen üpjünçilik, önümçiligi dolandyrmagyň 
pudaklaýyn aýratynlyklary ýaly ençeme alamatlar bilen kesgitlenýär. 
Bu alamatlar dolandyryşyň guramaçylyk düzümi esaslandyrylanda 
anyk mazmuna eýe bolýar. 


184
Dolandyryşyň düzümi şu talaplary berjaý etmeklige gönükdirilip 
emele getirilýär:
• dolandyryşyň ýörelgeler we usullar ulgamynyň durmuşa geçi­
rilmegi;
• dolandyrylýan obýektiň her bir böleginiň dolandyryşyň täsiri 
bilen gurşalyp alynmagy;
• dolandyryşyň netijeliliginiň dolandyryş ulgamynyň tygşytly 
bolmagy bilen utgaşdyrylmagy.
Bularyň hemmesi häzirki zamandaky ýagdaýlary nazara alýan 
we bazaryň talaplaryna gabat gelýän täze düzümleýin syýasaty hem-
de ony amala aşyrmagyň mehanizmini işläp düzmäge we durmuşa 
geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu syýasatyň esasynda senagatyň 
düzüminde ýokary ylmy sygymly, bäsdeşlige ukyply, ýokary tehno­
logiýaly, netijeli we ekologik taýdan arassa önümçilikleri köpeltmek 
esasynda hakyky tehniki we tehnologik öwrülişigi amala aşyrmak 
üçin şertleri, köne enjamlaryň täzeleri bilen çalşylmagyny, önümçi­
ligiň durmuş ýaýrawynyň we sarp ediş toplumynyň ösmegine na­
zarlanmagyny üpjün edýän pudaklaýyn ileri tutmalary goýulmalydyr. 
Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny beýan edýän ähli 
maksatnamalaýyn resminamalarda diýen ýaly milli ykdysadyýeti 
düzüm taýdan üýtgedip gurmak meselesiniň göni daşary ýurt maýa 
goýumlaryny çekmek arkaly çözülmegi göz öňünde tutulýar. Daşary 
ýurt maýa goýujylary üçin öňdebaryjy daşary ýurt tehnikasyny we 
tehnologiýalaryny, dolandyryş tejribesini milli ykdysadyýetde peýda­
lanmak üçin ykdysady şertler döredilýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşla­
ryň bähbitleriniň goralmagy kanun tarapyndan kepillendirilendir. 
Düzümleýin ilerlemeleri göz öňünde tutýan maýanyň ugry, ozaly 
bilen, jemgyýetiň ahyrky isleglerini kanagatlandyrýan (oba senagat 
toplumy, ýeňil senagat we ş.m.) hem-de şolaryň kadaly işlemegine 
şert döredýän (ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk materiallary se­
nagaty we ş.m.) pudaklara gönükdirilmelidir. Oba senagat toplumy­
nyň guramaçylyk düzüminiň kämilleşdirilmegi aýratyn möhüm bo­
lup durýar. Onuň düzüminde daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, 
kooperatiwler, kiçi we orta hususy kärhanalar ýaly täze guramaçylyk 
birlikleri ýüze çykýar.


185
Bazar ulgamynyň işleýşini, bazar infrastrukturasynyň, bazar gat­
naşyklaryna esaslanýan täze hojalyk gatnaşyklarynyň kemala gelme­
gini tertipleşdirmegiň meseleleri köp üns berilmegini talap edýär. 
Häzirki wagtda dolandyryşyň guramaçylyk görnüşlerinde düýpli 
ilerlemeler bolup geçýär. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, dür­
li konsernler, assosiasiýalar, konsorsiumlar, paýdarlar jemgyýetleri 
döredilýär. Dolandyryşyň täze guramaçylyk görnüşleriniň berkarar 
bolmagynda eýeçiligiň köp dürli görnüşleriniň mümkinçiliklerini 
peýdalanmaklyk uly ähmiýete eýe bolýar. Hut şunda hem bazar me­
hanizminiň ähli bölekleriniň jebis özara baglanyşygy ýüze çykýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling