B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet129/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   125   126   127   128   129   130   131   132   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Zähmet bazary baradaky düşünjäňizi durmuşdan alnan mysallaryň 
üsti bilen düşündirmäge synanyşyň.
2. Zähmet bazarynyň ösüşine haýsy şertler täsir edýär?
3. Adam kapitaly diýip nämä düşünýärsiňiz?
4. Ilat diýmek näme? Onuň manysyny gysgaça düşündiriň.
5. Zähmet serişdeleri diýip nämä düşünýärsiňiz?
6. Türkmenistanda iş bilen meşgul adamlar nähili toparlara bölünýär?
7. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde zähmet biržalarynyň işini durmuşdan 
alnan mysallaryň üsti bilen düşündirmäge synanyşyň.
8. Işçi güýji diýmek näme?
9. Zähmet öndürijiligine nähili düşünýärsiňiz? Onuň manysyny gysgaça 
düşündiriň.
10. Zähmet öndürijiliginiň derejesine haýsy şertler täsir edýär?
11. Zähmet bazarynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyşy barada gür-
rüň beriň?


196
ХIХ. 
DÖWLETIŇ DURMUş SYÝASATY
§1. Durmuş syýasatynyň mazmuny we maksatlary
Durmuş syýasaty dar manyda hökümet tarapyndan jemgyýetiň 
dürli gatlaklaryna degişli agzalarynyň girdejilerini paýlamaklyga we 
gaýtadan paýlamaklyga gönükdirilen hereketlerini aňladýar. Sözüň 
giň manysanda bolsa, ol makroykdysady kadalaşdyrylyşyň jemgyýet-
de durmuş durnuklylygy üpjün etmeklige, raýatlar üçin mümkin bol­
dugyça bir meňzeş şertleri üpjün etmäge gönükdirilen ugurlarynyň 
biri bolup durýar. 
Türkmenistanda döwlet öz durmuş syýasatyny şu maksatlara 
ýetmek üçin ugrukdyrýar: 
• zähmete ukyply ähli raýatlaryň jemgyýetçilik önümçiligine iş­
jeň gatnaşmagy hem-de ýaşaýyş serişdelerine bolan isleglerini kana­
gatlandyrmak üçin öz zähmetlerine görä girdeji gazanmagy;
• ilatyň, ylaýta-da, az üpjünçilikli maşgalalaryň hal-ýagdaýynyň 
we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin durmuş taýdan kepillendi­
rilen şertleriň döredilmegi, bilimiň, saglygy goraýşyň, pensiýa üpjün-
çiliginiň we ş.m. ösdürilmegi;
• jemgyýetiň durmuş toparlarynyň, gatlaklarynyň aralaryndaky 
we olaryň içindäki gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi;
• jemgyýetde durmuş adalatlylygynyň saklanmagy.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   125   126   127   128   129   130   131   132   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling