B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§2. Durmuş syýasatynyň esasy ugurlary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet130/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   126   127   128   129   130   131   132   133   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Durmuş syýasatynyň esasy ugurlary
Ýurtda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň esasy ugurlaryna
ozaly bilen, şular degişlidir: 
• önümçiligiň ösüşini we işleýän adamlaryň zähmetine hak töle­
nişiniň düzgünleşdirilmegi;
• ilatyň durmuş taýdan goralmagy we oňa hemaýat edilmegi;
• durmuş üpjünçilik we durmuş kömegi;
• girdejileri kadalaşdyrmak boýunça döwlet syýasaty;
• durmuş ätiýaçlandyryş;


197
• ilatyň durmuş taýdan mätäçlik çekýän gatlaklary (maýyplar, 
köp çagaly, üpjünçiligi pes maşgalalar, okaýan ýaşlar) barada alada 
edilmegi;
• döwlet tarapyndan zähmet bazarynyň düzgünleşdirilmegi we 
ilaty iş bilen üpjün ediş syýasatynyň durmuşa geçirilmegi;
• durmuş ýaýrawy maliýeleşdiriş ulgamynyň kämilleşdirilmegi; 
• ýüze çykýan durmuş meseleleriň çözülmegine ýardam edilmegi.
Türkmenistanda durmuş syýasatynyň dabaralanýandygy barada 
işgärleriň ortaça aýlyk iş hakynyň 2013-nji ýylda 1047 manada ýe­
tendigini belläp geçmegiň özi-de ýeterlikdir. Şonda ykdysadyýetiň 
gurluşyk pudagynda ortaça aýlyk iş hakynyň derejesi 1136,9 manada, 
karz bermek, maliýe we ätiýaçlandyryş ýaýrawynda 1269,7 manada 
deň boldy. Ýurt boýunça iş hakynyň iň ýokary derejesi gazyp çykary­
jy senagatyň ýaýrawynda emele geldi 2970,9 manat (40, s. 334).
Durmuş ýaýrawynyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirmegiň möç­
beri bilen ilata edilýän mugt hyzmatlaryň kepillendirilen möçberiniň 
arasyndaky baglanyşygyň üpjün edilmegi aýratyn üns berilýän mese­
leleriň biridir. Bu meseläniň çözülmegi ýurtdaky bar bolan ykdysady 
mümkinçiliklerden peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy 
talap edýär. Döwlet býujeti ýerine ýetirilýän mahalynda pensiýalary 
we kömek pullaryny tölemek ýaly durmuş hajatlarynyň maliýeleşdi­
rilmeginiň kemsiz ýerine ýetirilmegine ýol berilmeýändigini belläp 
geçmek gerek. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   126   127   128   129   130   131   132   133   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling