B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


§4. Ylmy-tehniki rewolýusiýa şertlerinde adamyň ýagdaýy


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet127/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   123   124   125   126   127   128   129   130   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§4. Ylmy-tehniki rewolýusiýa şertlerinde adamyň ýagdaýy
Çalt ýaýbaňlanýan ylmy-tehniki rewolýusiýa ykdysadyýetde 
ägirt uly üýtgeşmeleriň bolup geçmegine getirdi. Onuň gazananlary­
nyň elektronika, maglumat tehnologiýalary ulgamyna, çeýe awtomat­
laşdyrylan ulgamlara ornaşdyrylmagy we beýleki täzelikler önümçi­
ligiň ylmy-tehniki derejesini ýokarlandyrdy. 
Täze şertlerde işgär hökmünde adamyň önümçilikdäki hyzma­
ty düýpgöter özgerýär. Ol maşynlaryň ýanyndaky mehaniki ýerine 
ýetiriji bolmagyny bes edip başlaýar hem-de tehnologik işdäki esasy 
şerte, ýagny gözegçilik edijä we düzgünleşdirijä öwrülýär. Munuň özi 
täze kysymdaky işgäre bolan islegi ýüze çykarýar. Şonuň ýaly işgäriň 
ýokary we hemmetaraplaýyn bilimli, hünär taýdan düşbi, özbaşdak 
we döredijilikli pikirlenýän, öz hereketlerinde işjeň we jogapkärçilik­
li bolmagy talap edilýär. Ýurt derejesinde şol kysymdaky işgärleriň 
kemala getirilmegi çylşyrymly we uzaga çekýän işdir. 
Täze kysymdaky işgärleriň kemala getirilmegi şu aşakdaky esasy 
ugurlar boýunça alnyp barylýar:
• ozalky bildirilýän talaplardan öňürdýän, köp ugurly we üznük­
siz okatmak arkaly hemmetaraplaýyn giň düşünjeli häzirki zaman iş­
gärleriniň bilim we hünär taýdan taýýarlanylmagy; 
13. Sargyt №50


194
• zähmetiň intellektuallaşdyrylmagy. Ol zähmetiň barha akyl-paý­
hasa daýanýan, seljerişe ukyply we döredijilikli häsiýete eýe bolma­
gynda ýüze çykýar. Şonda adamyň pikirleniş ukyby barha köp işleýär; 
• önümçiligiň ynsanperwerleşdirilmegi. Ol önümçiligi gurama­
gyň işgärleriň isleglerine ýakyn getirilmegini, ýagny olaryň ýokary 
netijeli zähmet çekmekleri üçin has ynsanperwer şertleriň döredilme­
gini aňladýar; 
• önümçiligiň demokratiýalaşdyrylmagy. Bu iş işgärleriň öz 
işleýän kärhanalarynyň emlägine şärikli gatnaşmaklary, onuň dolan­
dyrylyşyna we alnan girdejileriň paýlanyşyna gatnaşmaklary arkaly 
amala aşyrylýar. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   123   124   125   126   127   128   129   130   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling