B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet124/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   120   121   122   123   124   125   126   127   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Soraglar we ýumuşlar:
1. Dolandyryşyň nähili ileri tutulýan ugurlary bar?
2. Dolandyryş ulgamynyň ylmy derejesiniň ýokary bolmagy barada 
gürrüň beriň.
3. Dolandyryşyň düzümi nähili alamatlar bilen kesgitlenilýär?
4. Dolandyryş düzüminiň nähili döwrebaplaşdyrylýandygy barada 
aýdyp beriň.
5. Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny milli ykdysadyýetde 
ulanmaga nähili esasy şertler zerur?
6. Türkmenistanyň milli toplumynyň netijeli işlemegi üçin nähili mese-
leleriň çözülmegi gerek?
7. Ösen ýurtlarda dolandyryjy wezipesine dalaş edýän işgäre nähili 
talaplar bildirilýär?
8. Häzirki zaman ýolbaşçylaryna nähili talaplar bildirilýär?


189
ХVIII. 
ZäHMET BAZARY WE ADAM KAPITALY
§1. Zähmet bazary we adam kapitalynyň emele getirilişi
Zähmet bazary ýa-da, başgaça aýdylanda, işçi güýjüniň bazary, 
jemgyýetiň ykdysady durmuşynyň möhüm we köp taraply ýaýrawy­
dyr. Zähmet bazarynda işçi güýji öz bahasyny tapýar, işgäri hakyna 
tutmagyň, şol sanda iş hakynyň derejesi, zähmet şertleri, hünär bili­
mini almagyň, kär babatynda kämilleşmeginiň şertleri kesgitlenýär, 
iş bilen üpjünçiligiň kepillikleri durmuşa geçirilýär. Bu meselelere 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkme­
nistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” okuw 
gollanmasynyň “Durmuş syýasaty we zähmet gatnaşyklary” babynda 
beýan edýär.
Zähmet bazarynda ilatyň iş bilen meşgullygyndaky, onuň esa­
sy düzüm böleklerindäki, ýagny pudaklaýyn, kär-hünär, demografik 
düzümindäki üýtgeşmeler, jemgyýetçilik zähmet bölünişigindäki iler­
lemeler, işçi güýjüniň işjeňligi, işsizligiň derejesi öz beýanyny tapýar. 
Tutuşlygyna alnanda, hyrydarlyk we hödürleme kanunyna tabyn 
bolmak bilen, zähmet bazary öz işleýiş mehanizminiň ýörelgelerine 
laýyklykda, özboluşly bazar bolup durýar. Ol haryt bazaryndan bir­
näçe görnüşleri boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde diňe bir makro we 
mikroykdysady şertler däl, eýsem, işçi güýjüniň bahasyny aňladýan iş 
hakyna mydama gös-göni dahylly bolup durmaýan durmuş kadalaş­
dyryjylar we durmuş-psihologik şertler hökmünde hem çykyş edýär­
ler.
Ykdysady durmuşda zähmet bazarynyň ösüşine işçi güýjüniň 
hödürlenişine-de, oňa bildirilýän hyrydarlyga-da täsir edýän şertle­
riniň ençemesi hereket edýär. Meselem, işçi güýjüniň hödürlenişi, il­
kinji nobatda, demografik şertler, ýagny çaga dogluş derejesi, zähmet 
çekmäge ýaramly ilatyň ösüş depgini, ilatyň ýaş-jyns düzümi bilen 
kesgitlenýär.
Demografik şertlerden başga-da, zähmet bazarynyň ýagdaýyna 
zähmet çekmäge ýaramly ilatyň dürli demografik we etnik toparla­
rynyň ykdysady taýdan işjeňligi täsir edýär. Mysal üçin, zenanlaryň 


190
durmuş işjeňliginiň güýçlenmegi netijesinde, olaryň işçi güýjüniň 
düzümine has köp çekilmegi işçi güýjüniň hödürlenişini ýokarlandyr
ýar.
Işçi güýjüne hyrydarlyk babatynda iş bilen meşgullygyň esasy 
ösüş şertleri bolup, ykdysady ösüşiň depginleri, ykdysadyýetdäki 
düzümleýin üýtgeşmeler we üznüksiz önümçilik tapgyrynyň ýagdaýy 
çykyş edýär. Onda-da başga, häzirki wagtda işçi güýjüne bildirilýän 
islege innowasion ilerlemeler täsir edýär.
Adam kapitaly baradaky nazaryýetiň ýüze çykmagy we ösme­
gi ylmy-tehniki we maglumat rewolýusiýasy mahalynda jemgyýet­
de bolup geçýän üýtgeşmeler bilen şertlendirilendir. Şonda adam, 
onuň ylym-bilim mümkinçilikleri durmuş we ykdysady ilerlemäniň 
aýgytlaýjy şertine öwrülýär. Adam kapitaly düşünjesi häzirki zaman 
ykdysadyýet ylmynda giňden ulanylýar hem-de bazar hojalygynyň 
nazaryýetinde we iş tejribesinde esasy orunlaryň birini eýeleýär. 
Adam kapitaly düşünjesiniň ulanylmagy ykdysady ösüşiň şertle­
ri, zähmet bazarynyň rejeli işlemegi, girdejileriň paýlanmagy, ilatyň iş 
bilen üpjünçiligi, telekeçilik işiniň dellilendirilişi bilen baglanyşykly 
meseleleriň çözülmegine täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berdi.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   120   121   122   123   124   125   126   127   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling