B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet123/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   119   120   121   122   123   124   125   126   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şunlukda, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň döredil­
megi ykdysadyýeti dolandyrmagyň we durmuş-ykdysady ösüşiň strate­
giýasyny kesgitlemegiň iňňän täze ylmy-tehniki, maglumat-tehnologik 
we usulyýet binýadynyň emele getirilmegini göz öňünde tutýar. 
§4. Dolandyryş işgärleri
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy 
ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen strategik wezipeleriň 
çözülmegi döwlet dolandyryş ulgamynyň özgerdilmegi bilen gabat 
geldi. Döwlet dolandyryşynyň täsirli ulgamyny döretmegiň möhüm 
bölegi obýektiw ykdysady kanunlar esasynda ýurduň ykdysadyýe­
tindäki ýagdaýy oňyn üýtgetmäge ukyply dolandyryjylaryň kemala 
getirilmegi bolup durýar. Hut şu meseläniň özi, köplenç halatlarda, 
ykdysady özgertmeler ýolunda käbir päsgelçilikleri döredýär. 
Ykdysady özgertmeler üçin döredijilikli pikirlenýän ýolbaşçylar 
zerur. Olara ykdysady özgertmeleriň logikasyna we strategiýasyna 
takyk düşünmeklik, ýokary hünärjeňlik, düşbülik, täzeçillik, intellek­
tual we iş salşyjylyk sypatlary mahsus bolmaly. Olar ýagdaýa baha 
bermegi, maksatlary aýdyň kesgitlemegi we alternatiw çözgütleri 
taýýarlamagy başarmaly, maýa goýumlaryna, serişdeleriň netijeli 
peýdalanylyşyna, önümleriň täze nusgalaryna geçilişine, hyzmat­
daşlaryň saýlanyp alnyşyna dahylly jogapkärçilikli çözgütleri dogry 
kabul edip bilmelidir. 
Başarjaň ýolbaşçylar işgärleri yzyna tirkäp bilýän, önümçilik we 
durmuş maksatlary deň utgaşdyryp bilýän bolmalydyr. Şu günki gün 
ýolbaşçylara iki sany häsiýet, ýagny öňdengörüjilik we netijeli here­
ket etmek mahsus bolmalydyr.
Ösen ýurtlarda dolandyryjy wezipesine dalaş edýän işgäre şolar 
ýaly talaplar bildirilýär. Şonda onuň guramanyň işiniň esasy ölçegi 
bolan netijelilige nazarlanyşyna, başlangyç goýup bilşine, çözgütleri 
işgärler bilen bilelikde taýýarlap bilşine, ýagdaýyň üýtgemegine duý­
gurlygyna aýratyn baha berilýär. 
Ýolbaşçylara şeýle talaplaryň bildirilmegi olaryň jogapkärçiligi­
ni ýokarlandyrýar. Ýolbaşçy wezipä bellenýän her bir adam adamlar 


188
bilen işleşmegi başarmalydyr. Ynsan gatnaşyklaryna nazarlanan ýol­
başçylyk nusgasy netijeli işlemekde ýolbaşçynyň mümkinçiliklerini 
giňeldýär, bu hem oňa täsir etmegiň anyk ýagdaýda has kybapdaş 
usullaryny we tärlerini peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 
Häzirki zaman ýolbaşçylary döredijilikli bolmaly, ýolbaşçylyk 
edilişi bolsa, ylmy esasda, ýagny dolandyryş ulgamynda ylmy taýdan 
esaslandyrylan usullary giňden peýdalanmak bilen amala aşyrylmaly­
dyr. Ýolbaşçy işi oňa göz ýetirmek bilen, ýagny tehnikanyň, tehnolo­
giýanyň ýagdaýyny, önümçiligiň we zähmetiň guralyşyny, ykdysady 
ýörelgeleri bilmek arkaly alyp barmalydyr. Ol dolandyryş işini gura­
mak babatynda düşünjeli bolmalydyr. Oňa salyhatlylyk, tabynlykda­
ky işgärler bilen medeniýetli iş salyşmak, diňe buýruk bermäge däl, 
eýsem, işgäriň pikirini diňlemäge-de ukyplylyk mahsus bolmalydyr.
Häzirki zaman şertlerinde öňde durýan wezipeleriň çylşyrymlaş­
magy, dolandyryş işiniň möçberiniň artmagy, dolandyryş çözgütlerini 
kabul etmegiň we olary ýerine ýetirmegiň özboluşly kynçylyklary bi­
len baglylykda, dolandyryş işgärleriniň öz hünär derejelerini mydama 
ýokarlandyryp durmaklary zerurdyr. Döwrüň talaplaryny ödeýän do­
landyryş işgärleriniň täze demokratik gymmatlyklara, tükmen halky­
nyň ykdysady, durmuşy, medeni, ruhy we milli bähbitlerine ygrarly 
bolmaklary iň möhüm talaplaryň biridir. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   119   120   121   122   123   124   125   126   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling