B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet135/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   131   132   133   134   135   136   137   138   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

şeýlelikde, döwlet kadalaşdyrylyşynyň usullarynyň toplum­
laýyn ulanylmagy milli ykdysadyýet derejesindäki bazary öwreniş 
işiniň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Bu çäre öz häsiýeti boýunça 
işjeňligi sebäpli, ýagny ykdysady ýagdaýyň üýtgemegi bilen onuň 
ugurlary we ulanylýan usullarynyň mynasybeti hem özgerýär.
§4. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy 
görnüşleri
Häzirki wagtda ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy 
görnüşleri hökmünde şu aşakdakylar çykyş edýär:
1. Aýry-aýry harytlara we hyzmatlara bu hajatlar üçin niýetlenen 
býujet maliýeleşdirişiniň möçberleri bilen çäklendirilen jemgyýetçi­
lik isleglerini kanagatlandyrmak üçin, şolaryň öndürilmegine salyn-
ýan döwlet salgytlary.
2. Dürli harytlaryň we hyzmatlaryň, ozaly bilenem, önümçi­
lik-tehniki önümleriň we möhüm azyklyk oba hojalyk önümleriniň 
döwlet tarapyndan satyn alynmagy.
3. Hereket edýän kanunçylygyň çäklerinde harytlar we hyzmat­
lar boýunça salgyt salyş we gümrük tölegleri.


206
4. Hojalyk subýektlerinden, ýuridik we fiziki şahslardan býujete 
gelip düşýän serişdeleriň hasabyna döwlet maliýeleşdirişi.
5. Hojalyk subýektleriniň, aýratynam, hususy, telekeçilik sub-
ýektleriň ykdysady işine kanunçylykda kesgitlenen derejede döwletiň 
göni gatyşmagy.
6. Hojalyk subýektleriniň ykdysady işine bazar gatnaşyklarynyň 
düzgünlerine laýyklykda gytaklaýyn täsir etmegi.
§5. Döwletiň esasy ileri tutýan maksatlary
Döwletiň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasy ileri tutulýan şu 
esasy maksatlaýyn sepgitleriň eýelenmegine syrygýar:
• ýurduň milli howpsuzlygy;
• içerki syýasy durnuklylyk we jemgyýetiň jebisleşmegi; 
• önümçiligiň we telekeçilik işiniň ösdürilmegini maliýeleşdir­
mek üçin eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalaryň we ilatyň 
içerki süýşürintgileriniň hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň çe­
kilişiniň derejeleri ýokary bolan, açyk hojalyk gatnaşyklaryna daýan-
ýan ykdysady ösüş; 
• ýurduň raýatlarynyň saglygy, bilimi we abadançylygy;
• ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýangyç-energetika resurslary­
nyň netijeli peýdalanylmagy;
• infrastrukturanyň (aýratyn hem ulagyň we aragatnaşygyň) 
ösdürilmegi;
• esasy wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge ukyply we dolandy­
ryş işgärleriniň hünär taýýarlyklary boýunça döwlet dolandyryşynyň 
ýola goýulmagy.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   131   132   133   134   135   136   137   138   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling