B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§2. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň obýektleri
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- §3. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň usullary
§2. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň obýektleri
we maksatlary Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň obýektleri – ýurduň durmuş-ykdysady ýaşaýşynyň öz-özünden çözülmeýän ýa-da uzak geljekde çözülmegi mümkin bolan kynçylyklaryň we meseleleriň ýüze çykýan ýa-da ýüze çykyp biljek ýaýrawlary, pudaklary, sebitle ri hem-de ýagdaýlary, hadysalary we şertleri, şol bir wagtyň özünde, şol meseleleriň aradan aýrylmagy ykdysadyýetiň kadaly işlemegi we durmuş durnuklylygyny saklamak üçin örän zerurdyr. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň obýektleri aşakdaky lardan ybaratdyr: – ykdysadyýetdäki üznüksiz önümçilik sikli; – milli hojalygyň pudaklaýyn we sebitleýin düzümi; – maýa toplamagyň şertleri; – ilatyň iş bilen üpjünçiligi; – pul aýlanyşygy; – töleg balansy; – ylmy barlaglar we düýpli innowasion işläp düzmeler; – bäsdeşligiň şertleri; – durmuş gatnaşyklary we durmuş üpjünçiligi; – işgärleriň taýýarlanmagy we gaýtadan taýýarlanmagy; – tebigy gurşaw; – daşary ykdysady aragatnaşyklar. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň baş maksady – jem gyýetde ykdysady, durmuşy we syýasy durnuklylygy üpjün etmekden, onuň üýtgeýän şertlere uýgunlaşdyrylmagyndan ybaratdyr: Şol anyklaşdyrylan maksatlar hem ykdysadyýetiň döwlet kada laşdyrylyşynyň obýektleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. §3. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň usullary Döwlet, durmuş-ykdysady hadysalary kadalaşdyrmak bilen, özü niň ykdysady wezipelerine, maddy mümkinçiliklerine, kadalaşdyry lyşyň toplanan tejribesine baglylykda üýtgäp we kämilleşip durýan usullaryň toplumyndan peýdalanýar. 204 Ykdysady usullar bazar gatnaşyklarynyň häsiýetine, onuň giňel dilmegine we kämilleşdirilmegine, jemi hyrydarlyga, jemi hödürlemä, maýanyň toplanyş derejesine, ykdysadyýetiň düzüminiň üýtgedilme gine, ykdysady ösüşiň aýry-aýry şertleriniň önjeýli peýdalanylma gyna daýanyp täsir edilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksat bilen döwlet aşakda görkezilen ugurlary ulanýar: • malie syýasatyny; • pul-karz syýasatyny; • ykdysady we durmuş taýdan maksatnamalaşdyrylyşy; • çaklaýyş we meýilnamalaşdyrylyşy. Maliýe syýasaty ykdysady we durmuş maksatlara ýetmekde býu jet we salgyt mehanizmleriniň peýdalanylmagyna daýanýar. Pul-karz syýasaty bazar mehanizminiň düzüm böleklerine, ozaly bilen-de, pul aýlanyşygyna, Merkezi bank tarapyndan gytaklaýyn tä sir etmek usulynyň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar. Hökümetiň ykdysady syýasaty hojalyk subýektleriniň özlerini alyp baryş kadalarynyň we düzgünleriniň belli bir derejede ykdysady usullar arkaly berkidilmegini üpjün edýär. Bu bolsa aşakdaky kada laşdyrylyşyň usullary bilen amala aşyrylýar. Karz syýasatynda: • bank ätiýaçlyk gorlarynyň kadalaşdyrylmagy; • bank göterimleri boýunça hasaba alyş derejeleriniň belli bir çäklerde düzgünleşdirilip bellenmegi; • pul bazarynda amallaryň geçirilmegi. Býujet syýasatynda: • döwlet çykdajylarynyň kadalaşdyrylmagy; • döwletiň söwda amallarynyň geçirilmegi; • döwletiň içinde zaýomlarynyň goýberilmegi; • döwletiň telekeçilige goldaw bermegi. Salgyt syýasatynda: • raýatlaryň we ýuridik şahslaryň emlägine salgyt salnyşynyň kadalaşdyrylmagy; • ýerli salgytlaryň girizilmegi. Durmuş syýasatynda: • iş hakynyň iň az möçberiniň bellenmegi; 205 • pensiýalaryň, kömek pullarynyň we beýleki durmuş häsiýetli tölegleriň möçberleriniň kadalaşdyrylmagy. Daşary ykdysady syýasatda: • gümrük paçlarynyň, puluň alyş-çalyş hümmetiniň kanunçylyk tertibinde bellenmegi; • daşary ýurt zaýomlarynyň alynmagy, maýa goýumlarynyň çekilmegi we daşary ýurt puly babatda çäklendirmeleriň girizil megi. Döwlet kadalaşdyrylyşynyň sanalyp geçilen usullarynyň köp dürlüligi olaryň toplumlaýyn ulanylmagynyň zerurlygyny, şeýle hem bazarlaryň (harytlaryň we hyzmatlaryň bazary, pul bazary, zähmet ba zary, daşary söwda bazary) özara baglanyşygy deňagramly ykdysady ösüşe täsir edlen mahalynda öz aralarynda sazlaşdyrylan çäreleriň ulanylmagyny talap edýär. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling