B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet136/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   132   133   134   135   136   137   138   139   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Jemläp aýdylanda, bu ileri tutulýan esasy maksatlara Türkme­
nistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýetilmegi Garaşsyz, pajar­
lap ösýän, syýasy taýdan durnukly Türkmenistan döwletine milli 
bitewülilik, durmuş adalatlylyk, ösen ykdysadyýete mahsus bolan 
we ähli ilatynyň ýaşaýyş derejesi ýokary bolan, häzirki zaman de­
rejesinde medeniýet taýdan ösen jemgyýeti döretmäge mümkinçilik 
berýär.


207
Soraglar we ýumuşlar:
1. Ykdysadyýeti kadalaşdyrmakda döwletiň orny nähili bolmaly?
2. Jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini kadalaşdyrmak boýunça 
döwletiň wezipeleri barada gürrüň beriň.
3. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň haýsy obýektlerini 
bilýärsiňiz?
4. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň baş maksady nämeden 
ybarat? Ony Türkmenistanyň mysalynda düşündirmäge synanyşyň.
5. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylyşynyň haýsy usullary ulanylýar?
6. Ykdysadyýeti döwlet kadalaşdyrylyşynda ulanylýan ugurlar barada 
aýdyp beriň.
7. Ykdysadyýetiň döwlet kadalaşdyrylyşynyň ugurlarynyň we usullary-
nyň üýtgemegine näme täsir edýär?
8. Ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň nähili görnüşleri 
bolýar?
9. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” 
atly okuw gollanmasyny ulanyp, degişli mysallary getiriň.
10. Ileri tutulýan maksatlar diýip nämä düşünýärsiňiz?
11. Ileri tutulýan maksatlar amala aşyrylanda, Türkmenistan nähili
sepgitlere ýetmeli?
12. Döwletiň esasy ileri tutýan maksatlaryny sanaň.


208
ADALGALAR SÖZLÜGI
Aktiw – 1) eýelik edijiler tarapyndan goýlup, kärhana, firma, kompa­
niýa degişli bolup durýan emlägiň we pul serişdeleriniň köplügi. Aktiwler 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   132   133   134   135   136   137   138   139   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling