kommision amallar – hyzmatlaryň edilmegi, tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilmegi, aralykçylyk amallary.
Bazar – köptaraplydyr, şonuň üçin ony köptaraplaýyn öwrenmek
mümkindir. Hut şonuň üçinem ykdysady edebiýatda bazar adalgasynyň köp
sanly kesgitlemesine duş gelmek bolýar.
Bazar – bu haryt önümçiliginiň we aýlanyşygynyň kanunlary boýunça
guralan alyş-çalyş, haryt alyş-çalşygy babatyndaky gatnaşyklaryň köplügi.
Bazar – satyn alyjylar bilen satyjylaryň özara täsir ediş mehanizmi,
başgaça aýdylanda, hyrydarlygyň we hödürlemäniň mynasybeti.
Bazar – munuň özi önüm öndürijileri we sarp edijileriň ýurtlaryň içer
sinde we olaryň aralaryndaky gatnaşyklaryň derejesinde baglanyşdyrýan
alyş-çalyş ýaýrawydyr.
“Bazar” düşünjesine çuňňur göz ýetirilmegi onuň jemgyýetçilik üznük
siz önümçiliginiň bütin ulgamyndaky ornuny nazara almaklygy talap edýär.
Şonuň üçin umumylaşdyrylan görnüşde bazar diýip, üznüksiz önümçiligiň
ähli basgançaklarynda, ýagny önümçilikde, paýlaýyşda, alyş-çalyşda we
sarp edişde aluw-satuwyň üsti bilen amala aşyrylýan guramaçylyk-ykdysa
dy gatnaşyklaryň ulgamyna düşünmek bolar.
Bazar infrastrukturasy – bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň erkin
hereket etmegini üpjün edýän edaralaryň ýa-da kärhanalaryň (banklar, bir
žalar, ýarmarkalar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, marketing firmalar) ul
gamy.
Bazar mehanizmi – bazaryň esasy bölekleriniň, ýagny hödürlemäniň,
hyrydarlygyň we nyrhlaryň özara baglanylmak we özara täsir edişmek me
hanizmi.
Bazar nyrhy – 1) bäsdeşlikli erkin bazarda hyrydarlygyň we hödür
lemäniň täsiri astynda emele gelýän nyrh, deňagramly nyrh; 2) harydyň
hakyky bazarda belli bir wagtyň dowamynda emele gelýän nyrhy, harydy
bazarda satyp boljak nyrh.
14. Sargyt №50
210
Do'stlaringiz bilan baham: |