B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet140/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   136   137   138   139   140   141   142   143   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Durmuş deňligi – adalatly jemgyýetçilik gurluşynyň esasy ýörelge­
leriniň biridir. Durmuş adalatlylygy bolsa ilatyň durmuş ýagdaýyndaky, 
onuň dürli durmuş toparlarynyň arasyndaky durmuş deňligiň ýa-da deňsizli­
giň ölçegidir. Ol ölçeg jemgyýetiň ykdysady we ruhy ösüşiniň derejesi bilen 
obýektiw halda şertlendirilendir. 
Durmuş syýasaty dar manyda hökümetiň jemgyýetiň dürli gatlakla­
ryna degişli agzalarynyň girdejilerini paýlamaklyga we gaýtadan paýla­
maklyga gönükdirilen hereketlerini aňladýar. Sözüň giň manysanda bolsa, 


211
ol makroykdysady düzgünleşdirişiň jemgyýetde sosial durnuklylygy üpjün 
etmeklige, raýatlar üçin mümkin boldugyça, bir meňzeş badalga şertlerini 
üpjün etmäge gönükdirilen ugurlarynyň biri bolup durýar. 
Durmuş ugra nazarlandyrylan ykdysadyýetde ilatyň (raýatlaryň) 
bähbitleriniň goralmagyndan ugur alynýar, milli ykdysadyýetde döwlete 
degişli bölek 30%-den gowrak uly paýy eýeleýär, döwlet düzgünleşdirişiniň 
esasy usuly hökmünde uzak möhletleýin maksatnamalaşdyryş ulanylýar.
Durmuş ykdysadyýeti ylym hökmünde islegleriň ýüze çykyş tebiga­
tyny, sarp ediş isleglerini, sarp edişiň düzümini öwrenýär, adamyň, maşgala­
nyň, durmuş toparlaryň, sebitleriň, tutuş jemgyýetiň rejeli isleglerini, şol is­
legleriň we sarp edijileriň köp dürlüligini nazara almak bilen bölüp çykarýar. 
Eksport – harytlary ýa-da kapitallary beýleki ýurtlara çykarmak.
Emissiýa – kagyz puluň we gymmatly kagyzlaryň taýýarlanmagy 
we aýlanyşyga goýberilmegi. Paýnamalaryň, obligasiýalaryň, jemagat za­
ýomlarynyň, bergidarlyk kagyzlarynyň emissiýalary tapawutlandyrylýar. 
Gymmatly kagyzlaryň emissiýasy bir meňzeş kagyzlaryň köpçülikleýin 
goýberilmegini göz öňünde tutýar. Emissiýany diňe kanun tarapyndan muňa 
rugsat berlen edara amala aşyryp bilýär.
Emission ulgam – aýlanyşyga pul nyşanlaryny goýbermegiň tertibi 
we usullary, şonuň ýaly-da döwletiň pul (maliýe) ulgamynyň emissiýany 
üpjün edýän edaralary görnüşindäki düzüm bölegi.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   136   137   138   139   140   141   142   143   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling