B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet148/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   144   145   146   147   148   149   150   151   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Ykdysady usullar – bu bazar gatnaşyklarynyň talaplaryny ykdysady 
ölçegler, gymmatlyklar, serişdeler arkaly dolandyryşda ulanmak.
Ylym – tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanuna­
laýyklyklar hakynda bilimleriň ulgamy.


218
Ylmy-tehniki ösüş – önümçilik prosesleriniň netijeliligini we hilini 
ýokarlandyrmak, adamlaryň isleglerini has oňat kanagatlandyrmak maksa­
dy bilen hojalykda, önümçilikde ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazanan­
larynyň ulanylmagy. Häzirki zaman ykdysady nazaryýetde ykdysadyýet de 
we tehnikada ulanylýan ylmyň gazananlaryny, köplenç, innowasiýalar 
diýip atlandyrýarlar.
Ylmy-tehniki syýasat – ylmyň, tehnikanyň, zähmetiň, önümçiligiň 
ösmegi üçin esasy ugurlary kesgitlemäge gönükdirilen döwletiň baş syýa­
saty, nazary pikirleriň jemi, amaly çäreleri durmuşa ornaşdyrmagyň ýollary.
Ylmy işgär – ýokary bilimi, zerur hünär derejesi bolan, ylmy-barlag, 
ylmy-tehniki işler we (ýa-da) eksperimental işläp taýýarlamalar bilen meş­
gullanýan adam.
Ylmy-barlag işi – täze bilimleri almaga we ulanmaga gönükdirilen iş, 
şol sanda:
Düýpli ylmy barlaglar; – esasy kanunalaýyklyklar, gurluşlar, adamyň, 
jemgyýetiň, tebigy daşky gurşawyň işlemegi we ösüşi hakynda täze bilimle­
ri almaga gönükdirilen barlaglar.
Tejribe ähmiýetli ylmy barlaglar; – tejribe ähmiýetli maksatlara 
ýetmek we anyk wezipeleri çözmek üçin, esasan, täze bilimleri ulanmaga 
gönükdirilen işler. 
Zähmet – munuň özi adamyň maksadalaýyk işidir, başgaça aýdylanda, 
zähmet işçi güýjüniň sarp edilmesidir. Zähmet işinde adam özüniň işi arkaly 
tebigatyň zatlaryny üýtgedýär we olary öz islegini kanagatlandyrmak üçin 
uýgunlaşdyrýar. Zähmete bolan ukyplylyk, zähmet çekmek diňe adama 
mahsusdyr.
Zähmet bazary – bazar ykdysadyýetiniň ykdysady infrastrukturasy­
nyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Zähmet bazarynda işçi güýjüniň satyn 
alynmasy we satylmasy oňa bolan islege görä amala aşyrylýar.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   144   145   146   147   148   149   150   151   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling