B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Pul – ählumumy ekwiwalentiň roluny ýerine ýetirýän, ýagny islendik  harydyň gymmatyny ölçäp bilýän tapawutly harytdyr. Pul-karz syýasaty –


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet145/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   141   142   143   144   145   146   147   148   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Pul – ählumumy ekwiwalentiň roluny ýerine ýetirýän, ýagny islendik 
harydyň gymmatyny ölçäp bilýän tapawutly harytdyr.
Pul-karz syýasaty – pul dolanyşygy we karz babatynda ykdysadyýe­
tiň durnukly, netijeli işlemeginiň üpjün edilmegine, pul ulgamynyň bolma­
lysy ýaly ýagdaýda saklanmagyna gönükdirilip, ýurduň hökümeti tarapyn­
dan ýöredilýän ugur we amala aşyrylýan çäreler.
Pul ulgamy – ýurtda kanunçylyk tertibinde bellenen pul nyşanlary, pul 
birlikleri, puluň emissiýasynyň düzgünleri we aýlanyş formalary, pul gat­
naşyklary.
Renta – 1) telekeçilik işi bilen baglanyşygy bolmadyk kapitaldan, ýer­
den ýa-da emläkden birsyhly alynýan girdeji; 2) obligasiýalary saklaýan he­
mişelik girdeji getirýän möhletsiz döwlet zaýomy.
Resurslar – (baýlyklar, çeşmeler, serişdeler) haýsydyr bir zadyň 
ätiýaçlyklylary, çeşmeleri.
Saldo – 1) buhgalteriýa hasabynyň hasaplarynyň debeti we krediti 
boýunça ýazgylaryň jeminiň arasyndaky galyndy, tapawut; 2) bir döwlete 
beýleki bir döwletden hasaplaşygyň ähli görnüşi boýunça pul gelmegi we 
tölegi babatdaky tapawudy.
Salgytlar – döwlet tarapyndan kanun bilen kesgitlenilen tertipde ýuri­
dik we fiziki şahslardan alynýan hökmany tölegler.
Salgyt mehanizmi – bu salgyt salnyşyny dolandyrmak boýunça ula­
nylýan guramaçylyk – hukuk kadalarynyň we usullarynyň jemidir.


216
Salgyt syýasaty – bu salgytlar boýunça döwletiň geçirýän çäreleriniň 
jemidir. Salgyt syýasaty şu aşakdaky meseleleri, ýagny üznüksiz önümçiligi 
ösdürmäge, ykdysadyýetiň ösüşine işjeň täsir etmäge, ilatyň durmuş hal-
ýagdaýynyň gowlanmagyna gönükdirilendir.
Salgyt ulgamy – döwlet býujetine we ýerli býujetlere salgytlary we 
ýygymlary döwletiň maliýe resurslaryny jemlemegiň olara mahsus bolan 
görnüşlerde we usullarda guralmagy bilen meşgullanýan edaralarynyň köp-
lügidir. 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   141   142   143   144   145   146   147   148   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling