Walýuta düzgünleşdirilişi – walýutanyň aýlanyşygyny dolandyrmak,
walýuta amallaryna gözegçilik etmek, milli puluň walýuta hümmetine täsir
etmek, daşary ýurt walýutasynyň peýdalanylyşyny çäklendirmek boýunça
döwlet edaralarynyň işi.
walýuta syýasaty – walýuta, walýuta hümmetine, walýuta amallaryna
täsir etmek arkaly ýurduň içersinde we daşarsynda döwletiň alyp barýan
ugruny beýan edýän ykdysady we daşary ykdysady syýasatlarynyň bir böle
gi. Walýuta syýasatynyň esasy gurallary walýuta interwensiýasy, walýuta
çäklendirmeleri, walýuta ätiýaçlyklary, walýuta subsidiýalaşdyrmasy, wal-
ýuta deňeçerlikleri bolup durýar.
Walýuta ulgamy – walýutalaryň, olary peýdalanmagyň we özara alyş-
çalyş etmegiň, töleg serişdesi hökmünde ulanmagyň düzgünleriniň we ka
dalarynyň, şonuň ýaly-da walýutanyň ulanylmagy bilen baglanyşykly pul-
karz gatnaşyklarynyň jemi. Walýuta ulgamyna walýutanyň goýberlişini we
aýlanyşygyny düzgünleşdirýän edaralaram degişlidir.
Ykdysadyýet – bu hojalykdyr, hojalyk we hojalygy alyp barmak ha
kyndaky ylymdyr hem-de hojalygy ýöretmegiň barşynda adamlaryň arasyn
da emele gelýän gatnaşyklardyr, şeýle hem jemgyýetiň öndüriji güýçleriniň
ösüş derejesine laýyk gelýän önümçilik gatnaşyklarynyň jemi.
Ykdysadyýetiň düzümi köp ugurly düşünje bolup, oňa hojalyk ulga
mynyň dürli düzüm bölekleriniň mynasybetini görkezýän dürli nukdaýna
zarlardan garamak mümkindir. Adatça, sosial, pudaklaýyn, üznüksiz önüm-
çilik we sebitleýin düzümler bölünip çykarylýar.
Ykdysady adam – bazar ykdysadyýetiniň erkin seçip almaga hem
de bar bolan ähli şertlerden, mümkinçiliklerden we maglumatlardan öz
bähbitlerine we maksatlaryna laýyklykda ugur alyp, netijeli çözgütleri ka
bul etmäge ukyply baş döredijilik subýektidir.
Ykdysady kadalaşdyryjylar – önümçilik döwründe bölmek, sarp
etmek, toplamak maksady bilen ulanylýan, dürli elementleriň mukdar we hil
derejelerini kesgitleýän, ylmy taýdan esaslandyrylan hasaplaşyk ulgamlary.
Ykdysady ösüş – jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň ýagdaý
larynyň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |