B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet144/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   140   141   142   143   144   145   146   147   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Mikroykdysadyýet – ykdysadyýet ylmynyň has aşak derejelerdäki 
ykdysady hadysalary, subýektleri, esasanam, kärhanalary, firmalary, tele­
keçileri, olaryň hojalyk işini we olaryň aralaryndaky ykdysady gatnaşyklary 
öwrenmek bilen megullanýan bölegidir.
Milli hojalygy – zähmetiň hem-de önümçilik pudaklarynyň jemi. Mil­
li hojalygy baradaky düşünje haryt önümçiligi baradaky düşünjeden giňdir. 
Muňa diňe jemgyýetçilik önümi emele getirýän pudaklar, ýagny senagat, 
oba hojalygy, gurluşyk we beýlekiler degişlidir.
Modernizirleme, kämilleşdirme – obýektiň kämilleşdirilmegi, gowu­
landyrylmagy, täzelenmegi, onuň täze talaplara we kadalara, tehniki şertlere, 
hil görkezijilerine laýyk getirilmegi.
netijelilik – kärhananyň girdejileriniň we gazanan peýdasynyň ösüş 
depginleriniň amallar boýunça çykdajylarynyň ösüş depginlerinden agdyk 
gelmegi.
nyrh – harydyň gymmatynyň pul görnüşindäki aňlatmasy. Binýatlaýyn, 
dünýä, lomaý, bölek satuw we beýleki nyrhlar tapawutlandyrylýar.
Öndüriji güýçler – jemgyýet tarapyndan döredilen önümçilik serişde­
leri, zähmet gurallary şeýle hem maddy baýlyklary öndürijiler.
Önümçilik – jemgyýetiň ýaşamagy hem-de ösmegi üçin zerur bolan 
maddy baýlyklar ýa-da jemgyýetiň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ada­
myň tebigata täsir edip döredýän baýlyklary.


215
Önümçiligiň adam faktory  bilelikdäki zähmetiň öndüriji güýji, in­
diwidual işçi güýçleriniň birleşmesi, ýagny belli bir jemgyýetçilik kombi­
nirlenen görnüşdäki işçi güýjüniň köplügi. Adam faktorynyň düzümi önüm-
çiligiň bir ýere jemlenmeginiň we ýöriteleşmesiniň zähmet bölünişiginiň 
derejeleri bilen kesgitlenýär. 
Önümiň hili – jemgyýetiň talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bi­
len bellenen tehniki şertlere mynasyp önümleriň häsiýetleriniň jemi. Önümiň 
hiliniň ýokarlandyrylmagy her bir kärhananyň möhüm wezipeleriniň biridir.
Passiw – 1) kärhananyň bergileriniň we borçnamalarynyň köplügi 
(aktiwiň tersine); 2) buhgalterçilik balansyň şol kärhananyň serişdeleri­
niň emele gelşiniň, onuň maliýeleşdirilişiniň degişliligi we niýetlenişi (öz 
atiýaçlyklary, beýleki edaralaryň beren karz serişdeleri) boýunça toparlanan 
çeşmelerini aňladýan bir bölegi (adatça, sag bölegi); 3) çykdajylaryň gelip 
düşen pul serişdelerinden artyk bolmagy.
Peýda – goşmaça gymmatyň görnüşi. Peýda harytlary ýerleşdirmekden 
alnan girdejiniň we şol harydy ýerleşdirmekdäki harajatlarynyň arasyndaky 
tapawut hökmünde çykyş edýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   140   141   142   143   144   145   146   147   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling