B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet141/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   137   138   139   140   141   142   143   144   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Erkin ykdysady zolak – daşary ýurtly hem-de milli telekeçiler üçin, 
aýratyn ýeňillikli ykdysady şertleri bolan, ýörite çäklendirilen ýerler.
Faktoring – bank tarapyndan müşderlerden algylary almak hukugy­
nyň satyn alynmagy (müşderiniň özüne gaýtaryp almak hukugy bolmazdan).
Fiskal syýasat – hökümetiň salgyt salyş, döwletiň çykdajylary, döwlet 
býujeti babatyndaky ilatyň iş bilen meşgullygyny üpjün etmäge we inflýa­
siýa hadysalarynyň zor salmagynyň öňüni almaga gönükdirilen syýasaty. 
Döwletiň maliýe syýasatynyň özeni we ykdysady syýasatynyň düzüm böle­
gi bolup durýar.
Garyşyk ykdysadyýetde döwlete degişli bölegiň paýy durmuş ugra 
nazarlandyrylan ykdysadyýetdäkä görä azdyr, emma hojalyk işini döwlet 
tarapyndan düzgünleşdirmegiň, adatça, gytaklaýyn usullaryny ulanmak ar­
kaly telekeçiligiň ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. 
Gymmat – harytda maddylaşan jemgyýetçilik zähmeti, haryt öndüriji­
leriň jemgyýetçilik zähmetiniň zat görnüşindäki aňlatmasy. 
Gymmatly kagyzlar – degişli resminama görkezilmezden satylmagy­
na ýa-da başga bir şahsa geçirilmegine ýol berilmeýän, haýsydyr bir emläge 


212
ýa-da pul möçberine eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalar. Olara 
paýnamalar, obligasiýalar, wekseller we ş.m. degişlidir.
haryt – adamyň diňe bir islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, 
eýsem, ol satmak we alyş-çalyş etmek üçin öndürilýän zatdyr.
Harytlaryň, puluň aýlanyjylygy – harytlaryň we puluň öz aýlanyş 
ýaýrawynda bir şahsdan beýlekisine geçip, alyş-çalyş edilip, täzelenip, my­
dama hereketde bolmak hadysasydyr.
Hödürleme kanuny – gaýry birmeňzeş şertlerde harydyň nyrhynyň 
ýokarlanmagy bilen onuň hödürlenişiniň artmagynyň kanuny.
Hyrydarlyk kanuny – gaýry birmeňzeş şertlerde nyrhlaryň ýokarlan­
magynyň harytlara bolan hyrydarlygyň peselmegine getirýändiginiň kanuny.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   137   138   139   140   141   142   143   144   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling