B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet139/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   135   136   137   138   139   140   141   142   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Bazar strategiýasy – firma tarapyndan öz ýerleşdiriş işiniň netijeliligi­
ni ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler ulgamy.
Býujet – ykdysady subýektiň belli bir wagt aralygy üçin, adatça, bir 
ýyl üçin girdejileriniň we çykdajylarynyň resmi güýje eýe bolan, ykrar edi­
len ýa-da kabul edilen ýazgysy, tablisasy, meýilnamasy. Býujet ykdysady 
resurslaryň girdejisiniň we çykdajysynyň deňleşdirilenligini, özara laýyk 
gelşini barlamagyň esasy guraly bolup durýar. Pul serişdeleri babatynda 
býujet düzülýän ykdysady subýekte baglylykda býujetleriň şu görnüşleri 
tapawutlanýar: döwlet býujeti, sebitleýin, ýerli (munisipial), maşgala (sarp 
ediş) býujetleri.
Denominasiýa – pul aýlanyşygyny ýeňilleşdirmek we puly has doly 
bahaly bolar ýaly etmek maksady bilen adyny üýtgetmezden ýurduň pul 
birliginiň iri ölçege geçirilmegi.
Diwersifikasiýalaşdyrma – maýanyň we ondan düşýän girdejiniň 
ýitgileriniň töwekgelçiligini kemeltmek maksady bilen dürli obýektleriň 
arasynda maýalaşdyrylýan goýumlaryň ýa-da karz pul maýalarynyň paý­
lanylyşy.
Dolandyryş – subýektler, edaralar tarapyndan adamlara we obýektle­
re olaryň hereketlerini ugrukdyrmak hem-de işlenilýän netijeleri gazanmak 
üçin paýhas bilen, maksada gönükdirilip täsir edilmegi.
Dolandyryş strategiýasy – dolandyryşyň baş maksatlarynyň we olara 
ýetmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenmegi.
Dolandyryş taktikasy – dolandyryşyň strategik maksatlaryna ýetme­
giň aralyk tapgyrlaryndaky wezipeleri ýerine ýetirmegiň usullarynyň, seriş­
deleriniň we ugurlarynyň kesgitlenmegi.
Döwlet býujeti – döwletiň girdejileriniň we çykdajylarynyň belli bir 
döwür üçin, köplenç bir ýyl üçin, onuň girdejileriniň gelip düşjek çeşmele­
rini we serişdeleriň harç ediliş ugurlaryny görkezmek bilen düzülen smetasy. 
Döwlet býujeti hökümet tarapyndan düzülýär hem-de ýokary kanun çykary­
jy edaralar tarapyndan tassyklanýar we kabul edilýär. Býujetiň ýerine ýetiri­
lişiniň barşynda oňa bölekleýin gaýtadan seredilmegi-de mümkindir.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   135   136   137   138   139   140   141   142   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling