B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Senagat – çig maly ýa-da ýer astyndan gazylyp alynýan baýlyklary  täzeden işleýän milli hojalygynyň, kärhananyň pudagy. Söwda


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet146/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Senagat – çig maly ýa-da ýer astyndan gazylyp alynýan baýlyklary 
täzeden işleýän milli hojalygynyň, kärhananyň pudagy.
Söwda – zähmet önümleriniň satyn alşyndaky hem-de (dolanyşygyn­
daky) alyş-çalşa, haryt dolanyşygyna hyzmat edýän hojalygyň pudagy.
Tehnologiýa – jemgyýetçilik önümçiliginiň belli bir pudagynyň iş 
ýagdaýy we önümçiligi ylmy taýdan beýan etme.
Telekeçi – bazar ykdysadyýetiniň täze harytlary öndürmek we peýda 
gazanmak maksady bilen serişdeleriň we önümçilik faktorlarynyň täze gör­
nüşlerini amala aşyrmak üçin ähli zerur sypatlara eýe bolan, töwekgelçilik 
şertlerinde işleýän hem-de özbaşdak çözgütleriň kabul edilmegine jogäp­
kärçiligi boýnuna alan işjeň subýekti.
Umumy (jemi) içerki önüm – bu maddy önümçilikde we hyzmatlar 
ulgamynda öndürilen önümiň gymmatlarynyň jemidir. Mundan başga-da, 
eger-de kärhana daşary ýurtlara degişli bolsa, onuň öndürýän önümi hem 
şol döwletiňki hasaplanýar.
Umumy (jemi) milli önüm – bu milli kärhanalaryň maddy we maddy 
däl ýaýrawynda hemme öndüren önümleriniň jemidir. Kärhananyň nirede 
ýerleşýändigine garamazdan (öz ýurduňda ýa-da daşary ýurtda), onuň ön­
düren önümi doly hasaba alynýar.
Umumy önüm – (pul görkezijisinde) önümiň umumy möçberi bolup 
(belli bir döwürde), kärhanalarda, milli hojalygyň pudaklarynda hasaplan­
madyk ýitgileri we çykdajylary bolan önümiň goýberilen umumy möçberi.
Umumy zähmet bölünişigi – muňa bütin jemgyýetçilik önümçiliginiň 
derejesinde emele gelýän şäher bilen obanyň, maddy we maddy däl önümçi­
ligiň önümçilik serişdeleriniň arasyndaky zähmet bölünişikleri degişlidir.
walýuta – 1) haýsydyr bir döwletiň, ýurdyň öz içinde peýdalanylýan 
pul birligi (milli walýuta); 2) halkara hasaplaşyklarynda peýdalanylýan 
daşary döwletleriň pul birlikleri, wekseller, çekler, banknotlar görnüşindäki 
karz we töleg resminamalary, ýagny daşary ýurt walýutasy.
Walýuta bazary – daşary ýurt walýutasynyň hyrydarlyk we hödür­
leme esasynda aluw-satuwynyň geçirilýän ýaýrawy. Biržalaýyn we birža­


217
dan daşary (banklar arasyndaky) walýuta bazarlaryna bölünýär. Iň iri dünýä 
wal ýuta bazarlary ABŞ-da, Angliýada, Germaniýada, Fransiýada, Şweýsa­
riýada, Ýaponiýada, Singapurda ýerleşýär.

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   142   143   144   145   146   147   148   149   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling