B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti
§5. Sarp ediş harytlarynyň we tölegli hyzmatlaryň bazary
Download 1.42 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Türkmenistanda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi, million manat Görkezijiler Ýyllar 2000 2005 2010 2012
§5. Sarp ediş harytlarynyň we tölegli hyzmatlaryň bazary
Sarp ediş bazary harytlary öndürijiler we sarp edijiler, ozaly bilen-de ilat bilen baglanyşdyryjy halka bolup durýar. Şonda önüm öndüriji çykaran harajatlaryny ödemäge we mümkin boldugyça, köp peýda gazanmaga, sarp ediji bolsa, öz sarp ediş isleglerini kanagat landyrmaga ymtylýar. Bu hereketler mazmuny boýunça biri-birlerine gapma-garşy bolsa-da, olaryň arasynda özara jebis baglanyşyk bardyr. 179 Sarp ediş bazarynyň işleýşini gowulandyrmak üçin önümçiligiň sarp ediji bilen kadaly özara baglanyşygyny ýola goýmagyň meha nizmi bolmalydyr. Munuň özi bazar ykdysadyýeti mahalynda olaryň bähbitleriniň arasyndaky obýektiw gapma-garşylygyň çözülmegine hem-de adamlaryň ykdysady bähbitleriniň ylalaşdyrylmagyna müm kinçilik berýär. Bu ýerde sarp ediş harytlarynyň öndürilişiniň we ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň ösmegi möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň ösüş ýag daýy 26-njy tablisada getirilen görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär. 26-njy tablisa Türkmenistanda sarp ediş harytlarynyň öndürilişi, million manat Görkezijiler Ýyllar 2000 2005 2010 2012 2013 Sarp ediş harytlary 1287 3779 6159 6719 6999 şol sanda: – azyk harytlary 758 2367 3867 4004 4147 – azyk däl harytlar 476 1315 2057 2400 2595 şolardan: – ýeňil senagat harytlary 433 1252 1743 1828 1952 – alkogolly içgiler 53 97 235 315 257 Çeşmeler: (35, s.33); (40, s.34). Maglumatlardan görnüşi ýaly, 2013-nji ýylda öndürilen sarp ediş harytlarynyň möçberi 6999 mln manat boldy we 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,4 esse, 2005-nji ýyldaka görä bolsa, 1,8 esse köpel di. Munuň özi öndürilýän harytlaryň sarp ediş bazarynda satylyşynyň durnukly ösmegi, olara bolan islegleriň ýokarlanmagy bilen aýryl maz baglanyşyklydyr, çünki islegleriň artmagy önümçiligiň ösmegi ne itergi berýär. Sarp ediş harytlaryň öndürilişinde düzümleýin üýtgeşmeler hem bolup geçdi. Onuň düzüminde azyk däl harytlaryň paýy ýokarlanmak meýline eýedir. Munuň özi azyk däl harytlaryň önümçilik möçberle riniň ýokary ösüş depginleri bilen şertlendirilendir, ýagny ol 2013-nji ýylda 2000-nji ýyldaka garanyňda 5,4 esse köpeldi. Beýleki bir tarap 180 dan, bu ýagdaý ilatyň sarp ediş islegleriniň düzümindäki kanunalaýyk üýtgeşmeler bilen-de baglanyşyklydyr. Jemgyýet näçe gurply bolsa, ilatyň azyklyk harytlara bolan islegleri belli bir kadanyň çäginde dur nuklaşyp, azyk däl sarp ediş harytlaryna we tölegli hyzmatlara bolan islegleri barha artýar. Artyş, esasan, ýeňil senagat harytlarynyň (2013-nji ýylda onuň möçberi 2000-nji ýyldakydan 4,5 esse köpeldi), şonuň ýaly-da, ozal ýurtda öndürilmeýän harytlaryň hasabyna gazanyldy. Öndürilen azyklyk harytlaryň möçberi 2013-nji ýylda, 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,5 esse köpeldi. 2013-nji ýylda sarp ediş harytlarynyň öndürmegiň umumy möçberinde olaryň tutýan paýy 59,3% boldy. Azyk bazarynyň ösmeginde ykdysadyýetiň döwlete da hylsyz böleginiň tutýan orny ýokarlanýar. Sarp ediş harytlarynyň öndürilişiniň we söwdasynyň ösmegi bi len bir hatarda, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleri-de bar ha artýar. Meselem, 2013-nji ýylda olaryň möçberi 9538 mln manat boldy we 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 5,4 esse, şol sanda dur muş hyzmatlarynyň möçberi 6,1 esse köpeldi (40, s.146). Geljekde ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleriniň esli artmagyna garaşylýar. Şonda ilata edilýän kepillikli mugt hyzmatlar bilen bazar gatnaşyklaryna mahsus tölegli hyzmatlaryň möçberleri niň esaslandyrylan mynasybetiniň kesgitlenmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Degişli döwlet edaralary tarapyndan-da, hususy sektor tarapyn dan-da edilýän tölegli lukmançylyk, bilim hyzmatlarynyň ösmegi tölegli hyzmatlaryň düzüminde olaryň paýynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Ilatyň girdejileriniň artmagy bilen, syýahatçylyk-geze lenç we şypahana hyzmatlarynyň möçberleri çalt köpelýär. Download 1.42 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling