B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet112/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

§2. Ylym we ylmy hyzmatlar
Ylym – esasy wezipesi adamzat ýaşaýşynyň tebigat, jemgyýet we 
akyl ýetiriş baradaky obýektiw bilimleriniň nazary taýdan ulgamlaş­
dyrylmagy bolan ýaýrawydyr. Şonuň üçin ylmyň önümçilik serişde­
leri bilen bir hatardaky gös-göni öndüriji güýje öwrülmegi ýurduň 
durmuş-ykdysady ösüşiniň goşmaça şerti bolup öňe çykýar. 
Ýurtda ylmyň ösmegi üznüksiz önümçilik işine, esasy önümçi­
lik serişdeleriniň täzelenmegine, önümçiligiň möçberleriniň artma­
gyna we netijeliliginiň ýokarlanmagyna, täze tehnologiýalaryň or­
naşdyrylmagyna we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, milli 


169
ykdysadyýe tiň kämil düzümleýin deňölçeglilikleriniň emele gelme­
gine barha köp täsir edýär. 
Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ylmyň gazananlarynyň we in­
nowasiýa işlenilip düzmeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde, önüm-
çiligiň tehniki taýdan abzallaşdyrylyşynyň depginleri ýokarlandy, 
önümçilik işiniň mehanizmeleşdiriliş we awtomatlaşdyryş, iňňän 
täze tehnikany, öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary hilli material­
lary özleşdiriş derejeleri ýokarlandy. 
Ýurduň ylmyndaky ilerlemeler, täze tehnikanyň we öňdebaryjy 
tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady 
binýadyny pugtalandyrmak esasynda ilat üçin ýokary ýaşaýyş derejesi­
ni üpjün etmege gönükdirilen, durmuş ugra nazarlandyrylan milli bazar 
ykdysadyýetini üstünlikli kemala getirmegiň esasy bolup dur ýar. 
Şoňa laýyklykda ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetiň bin-
ýatlaýyn pudaklarynda dünýä ylmynyň we tejribesiniň gazananlaryny 
giňden peýdalanmak, şonuň ýaly-da ýurduň içinde geçirilýän düýpli 
we amaly ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak esa­
synda amala aşyrylar. 
Ylmyň mundan beýläkki ösüşi täze tehnikalaryň we innowasiýa 
tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuş-ykdy-
sady taýdan durnukly ösüşiniň girewi bolup durýar. Bu ýerde möhüm 
orun düýpli özgertmeler geçirilmegi we Türkmenistany ýokary ösüşli 
döwlete öwürmäge ýardam bermeli milli ylma degişlidir. Ol ýokary 
halkara derejeli ylmy işläp düzmeleri önümçilige giňden ornaşdyr­
magyny we innowasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegini göz öňün­
de tutýar. Munuň özi, öz gezeginde, şu wezipeleriň çözülmegini göz 
öňünde tutýar:
• Milli ylmy-tehniki gurşawyň ösdürilmegi.
• Innowasiýa işläp düzmeleriň döredilmegi we ornaşdyrylmagy 
hem-de ylmyň we tehnologiýanyň iň täze gazananlarynyň giňden ula­
nylmagy.
• Ylmy işiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi.
• Ýurduň intellektual ylmy-tehniki kuwwatynyň güýçlendirilmegi. 
Şunuň bilen baglanyşyklylykda döwlet Baştutany Gurbanguly 
Berdimuhamedow 2012-nji ýylda Türkmenistanda ylmy we tehnolo­
giýalary ösdürmegiň ileri tutulýan sekiz ugry boýunça 2012-2016-njy 


170
ýyllarda amala aşyrylmaly ylmy-barlag işläp düzmeleriň Sanawyny 
tassyklap, Karara gol çekdi.
1. Innowasiýa tehnologiýalaryny oba senagat toplumyna ornaş­
dyrmak.
2. Ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak.
3. Energetika, ýangyç serişdeleri we olary tygşytlamak.
4. Himiýa tehnologiýalary we bäsdeşlige ukyply täze önümleriň 
görnüşlerini öndürmek.
5. Gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa.
6. Lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek.
7. Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary.
8. Ykdysadyýet we gumanitar ylymlar.
Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugur­
larynyň durmuşa geçirilmegi durmuş-ykdysady gurşawyň pudakla­
rynyň ösüşini göz öňünde tutýar. Ol önümçilikleri tehniki taýdan 
gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna jemi içerki önümi artdyrmaga, 
ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän önü­
miň düýbünden täze görnüşlerini we innowasiýa tehnologiýalaryny 
özleşdirmäge kömek etmelidir. Ylmy barlaglary durmuşa geçirmek 
şu çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar:
• Ylmy-tehniki kuwwaty ylmy-tehniki gurşawy ösdürmegiň ileri 
tutulýan ugurlarynda jemlemek we ýurduň ýerli şertlerini we aýratyn­
lyklaryny göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetiň pudaklary­
nyň anyk meselelerini çözmek.
• Ýokary okuw mekdepleriniň ylmy barlaglaryny ösdürmek we 
ylmy-pedagogik kuwwaty aňrybaş derejede peýdalanmak.
• Durmuş-ykdysady dolandyryşy üpjün etmek üçin iň täze dünýä 
ylmy barlaglaryny we innowasiýa gazananlaryny giňden peýdalanmak.
• Durmuş-ykdysady dolandyryşy netijeli we ýokary hilli üpjün 
etmek üçin maglumat tehnologiýalaryny döretmek we ornaşdyrmak.
• Ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary çygrynda daşary 
ýurtlaryň we halkara guramalarynyň öňdebaryjy ylmy we tehnologik 
merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýratynlyklaryn­
dan ugur alyp, innowasiýa prosesleri şu wezipeleriň çözülmegine 

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling