B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Bergi we ätiýaçlyk gory babatyndaky düzgünler


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet104/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Bergi we ätiýaçlyk gory babatyndaky düzgünler:
• umumy (ýa-da sap) döwlet borçnamalarynyň möçberiniň jemi 
içerki önümiň belli bir bölegine deň möçberde çäklendirilmegi;
• býujetden daşary ätiýaçlyk gorlarynyň (mysal üçin, durmuş 
ätiýaçlandyryş gaznasy) möçberiniň peýdadan ýyllyk geçirmeleriň 
belli bir bölegine deň möçberde kesgitlenmegi.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Maliýe diýip nämä aýdylýar?
2. Maliýe haýsy wezipeleri ýerine ýetirýär?
3. Maliýe ulgamyna degişli subýektleri sanaň.
4. Salgyt diýip nämä düşünýärsiňiz?
5. Salgytlaryň görnüşleri haýsy alamatlar boýunça toparlara bölünýär?
6. Döwlet býujeti düşünjesiniň manysyny düşündiriň.
7. Döwlet býujetiniň defisiti we profesiti barada aýdyň.
8. Döwlet býujetiniň çykdajylary nämeden ybarat?
9. Döwlet býujetiniň girdejileriniň çeşmelerine haýsylar degişli?
10. Döwlet býujetiň esasy wezipelerini düşündiriň.


156
III Bölüm
BaZar YkdYsadYýetiNiŇ dUrMUş
mESElElERI
ХV. 
DURMUş YKDYSADYÝETI
WE ÝAşAÝşYŇ HILI
Ykdysadyýet adamyň we jemgyýetiň ýaşaýyş üpjünçiliginiň ul­
gamy hasaplanylýar, şonuň üçinem ynsan ýaşaýşynyň hili ykdysady­
ýetiň ýagdaýy we ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň bilen 
baglylykda, ýaşaýşyň keşbi, derejesi we hili baradaky düşünjeleri, 
ykdysadyýetiň ýaşaýşy nähili gowulandyryp bilýändigini aýdyňlaş­
dyrylmagy zerur bolup durýar. 
Sözüň giň manysynda jemgyýete, adamlara, olaryň ýaşaýşyna 
gös-göni dahylly zatlaryň hemmesi durmuş häsiýetli hasaplanylýar. 
Sözüň dar manysynda bolsa durmuş ýaýrawy diýip, ykdysadyýetiň 
durmuş hadysalary bilen gös-göni baglanyşykly bölegine aýdylýar. 
Durmuş ýaýrawyna adamlaryň ýaşaýşyna, keşbine, ilat tarapyndan 
maddy we ruhy nygmatlaryň, hyzmatlaryň sarp edilişine, adamyň, 
maşgalanyň, tutuş jemgyýetiň ahyrky hajatlarynyň kanagatlandyryly­
şyna dahylly ykdysady obýektler we hadysalar degişlidir. 
Durmuş ykdysadyýeti ylym hökmünde islegleriň ýüze çykyşy­
ny, sarp ediş isleglerini, sarp edişiň düzümini, adamyň, maşgalanyň, 
sosial toparlaryň, sebitleriň, tutuş jemgyýetiň rejeli isleglerini, şol is­
legleriň we sarp edijileriň köp dürlüligini öwrenýär. 
şeýlelikde, adamlaryň hal-ýagdaýyna gös-göni dahylly mesele­
leriň ählisi ykdysadyýetiň durmuş ýaýrawyna degişlidir. 


157

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   100   101   102   103   104   105   106   107   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling