B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


 Iň aşak çäk ätiýaçlyklar syýasaty


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet100/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

4. Iň aşak çäk ätiýaçlyklar syýasaty. Iň aşak çäk ätiýaçlyklar tä­
jirçilik banklaryna ýurduň Merkezi bankyndaky hasaplarda saklamak 
tabşyrylan belli bir pul möçberleridir.
Hökmany ätiýaçlygyň möçberini ýokarlandyryp, Merkezi bank 
täjirçilik banklaryň işewürlik mümkinçiliklerini birneme bökdeýär, 
azaltmak bilen bolsa, ony höweslendirýär.
5. Meýletin ylalaşyklar. Olar ýurduň Merkezi banky bilen öz is­
legi boýunça işini belli bir çäklendirmeleriň astynda goýýan täjirçilik 
banklarynyň arasynda baglaşylýar.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Döwletiň pul ulgamynyň düzüm böleklerine haýsy edaralar degişli?
2. Karz diýip nämä aýdylýar?
3. Karz haýsy esasy wezipeleri ýerine ýetirýär?
4. Karzyň görnüşlerini sanaň.
5. Bank nähili hyzmatlary ýerine ýetirýän edara?
6. Türkmenistanyň bank ulgamynda nähili kanunlar we maksatnamalar 
kabul edilipdir?
7. Türkmenistanyň bank ulgamy barada aýdyp beriň.


149
ХIV.
MAlIÝE ulGAMY wE SAlGYT-BÝujET
WEZIPELERI
§1. Maliýe ulgamy we onuň wezipeleri
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalaryň, telekeçilik guramala­
rynyň, şonuň ýaly-da ilatyň girdejileriniň, jemgyýetiň mundan beýläkki 
ösüşini üpjün etmäge pul serişdeleriniň goruny döretmek üçin döwlet 
býujetine we ýerli býujetlere geçirilýän salgytlary we ýygymlary emele 
getirmek bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklaryň köplügi ýurduň 
maliýe ýagdaýyny aňladýar. Bu ýagdaýy pul serişdeleriniň döwlet de­
rejesinde onuň maliýesi hökmünde çykyş edýän merkezleşdirilen we 
merkezleşdirilmedik gaznalarynyň hereketi kesgitleýär. 
Maliýe düşünjesi goşmaça önümiň goşmaça gymmat görnüşin­
däki puluň öndürilmegi we aýlanmagy, ýurduň hajatlary we adamlaryň 
jemgyýetçilik we şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin paýlanma­
gy hem-de peýdalanylmagy babatyndaky gatnaşyklaryň köplüginiň 
mazmunyny aňladýar.
Maliýe birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär: 
• toplaýyş wezipesi – serişdeleriň jemlenmeginden we döwletiň 
işlemeginiň maddy binýadyny döretmekden ybaratdyr;
• düzgünleşdiriş wezipesi – hojalyk subýektleriniň işini höwes­
lendirmekden ybaratdyr;
• paýlaýyş wezipesi – býujetiň, durmuş ätiýaçlandyryşynyň we 
ş.m. üsti bilen pul serişdeleriniň emele getirilmegidir;
• gözegçilik wezipesi – salgytlaryň dogry alnyşynyň we olaryň 
niýetlenişi boýunça peýdalanylyşynyň üpjün edilmegidir.
Aralarynda mydama pul akymlary bolup geçýän esasy subýektler 
aşakdakylardan ybaratdyr:
• döwlet we onuň edaralary;
• kärhanalar, birleşmeler we ş.m.;
• ilat, hususan-da, öý hojalyklary.
Maliýe ulgamy ähli özara baglanyşykly düzüm birlikleriniň, ýagny 
ýuridik we fiziki şahslaryň pul girdejileriniň bir bölegine dürli salgytlar 
we ýygymlar görnüşinde döwlet gaznasyna yzygiderli düşüp durmagyny 


150
hem-de jemgyýetiň öňünde durýan maksatlara ýetilmegini, şonuň ýaly-
da, wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek üçin milli howpsuzlygy, döwlet 
diwanynyň saklanmagyny, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetiril­
megini, ýurduň ykdysadyýetiniň, ylmynyň, tehnikasynyň, medeniýetiniň, 
sungatynyň we onuň halkara gatnaşyk larynyň ösdürilmegini maliýeleş­
dirmekde, olaryň maksadalaýyk paýlanmagyny we peýdalanylmagyny 
guramak bilen meşgullanýan dolandyryş edaralarynyň köplügidir. 
Maliýe ulgamynyň düzümine şular girýär:
• ähli derejelerdäki býujetleriň, ýagny döwlet býujetiniň, edara 
ediş birlikleriniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň býujetleriniň köplügi;
• durmuş, emläk we şahsy ätiýaçlandyryş boýunça býujetden 
daşary gaznalar;
• döwletiň gyzyl pul ätiýaçlyk gorlary;
• eýeçiligiň hem-de hojalyk ýöretmegiň ähli görnüşlerindäki kär­
hanalaryň we guramalaryň pul gorlary.
Olaryň her birisiniň umumy maliýe ulgamyndaky tutýan bölegi 
onuň düzümini häsiýetlendirýär.
Ýurduň maliýe ulgamy döwletiň, hojalyk subýektleriniň we ila­
tyň özara baglanyşykly maliýeleriniň köplügi hökmünde kesgitlenip 
bilner. 
Maliýe ulgamyna şu wezipeler ýüklenýär:
• girdejileri almagyň we harçlamagyň meýilnamalarynyň düzülmegi;
• pul akymlarynyň hereketiniň guralmagy;
• maliýe ulgamy döwlet derejesinde belli bir maksatlara ýetmäge 
nazarlandyrylan mahalynda, döwletiň maliýe syýasatynyň durmuşa 
geçirilmegine ýardam berilmegi. 
Ykdysadyýeti düzgünleşdirmek babatynda döwletiň maliýe sy­
ýasatynyň iki sany aýratynlygy bar. 
• Olaryň birinjisi girdejileri almagyň we çykdajylary amala aşyr­
magyň maliýe gurallarynyň kömegi bilen ykdysadyýetiň düzgünleş­
dirilmegidir. Oňa fiskal syýasat diýilýär. 
• Bu meseläniň ikinji aýratynlygy býujet işiniň düzgünleşdirilme­
gidir. Şonda býujetiň deňagramlylygy býujet syýasatynyň üsti bilen 
gazanylýar, ýagny döwletiň çykdajylarynyň ugurlary, düzümi, aýry-
aýry maddalaryň maksadalaýyk esaslandyrylmagy arkaly ykdysady 
düzgünleşdiriş çäreleri geçirilýär. 


151

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   96   97   98   99   100   101   102   103   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling