B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa, M. B. Meläýewa TÜrkmenistanyň ykdysadyýeti


Monopolistik bäsdeşlik bazarynyň aýratynlyklary


Download 1.42 Mb.
Pdf ko'rish
bet76/154
Sana18.01.2023
Hajmi1.42 Mb.
#1099532
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   154
Bog'liq
Pürliýew B Türkmenistanyň ykdysadyýeti-2015`Ylym

Monopolistik bäsdeşlik bazarynyň aýratynlyklary:
• bir meňzeş harytlary öndürýän we hyzmatlary ýerine ýetirýän 
kärhanalaryň sanynyň köp bolmagy;
• nyrhlara täsir etmegiň harytlaryň bir görnüşini beýlekilerine
çalyşmak mümkinçiligi arkaly çäklendirilmegi;
• bazara aralaşmaklyk we ondan çykmak birneme ýeňil bolup, 
harytlaryň we hyzmatlaryň özboluşly bazarlar üçin dürli görnüşde 
bolmagy.
Oligopoliýabu ýagdaýda az sanly satyjylara bazarda hukuk 
berilýär.
Oligopoliýa bazarynyň aýratynlyklary:
• bir meňzeş harytlary öndürýän we hyzmatlary ýerine ýetirýän 
iri kärhanalaryň bolmagy;
• nyrh babatyndaky “öňbaşçynyň” täsiriniň ýüze çykmagy;
• harytlaryň dürli görnüşde bolmagy;
• bazara aralaşmagyň kyn bolmagy we köp maýa goýumlaryny 
talap etmegi. 
Soraglar we ýumuşlar:
1. Bazaryň nähili kesgitlemelerini bilýärsiňiz? Olar barada düşündiriş 
beriň.
2. Bazaryň döremegine haýsy şertler degişli?
3. Bazar haýsy wezipeleri ýerine ýetirýär?
4. Bazaryň işlemegine nähili şertler täsir edýär?
5. Bazaryň nähili subýektleri we obýektleri bar?
6. Öý hojalygy düşünjesi barada gürrüň beriň.
7. Kärhana nähili ykdysady birlik?
8. Döwlet haýsy ykdysady wezipeleri ýerine ýetirýär? Olaryň käbirleri-
ne mysal getiriň.
9. Bazaryň öz-özüni dolandyryşynyň mehanizmi barada gürrüň beriň.
10. Häzirki zaman bazarynyň haýsy nusgalaryny bilýärsiňiz? Olaryň 
manysyny gysgaça düşündiriň.
11. Häzirki zaman bazarynyň nusgalarynyň biri-birinden nähili aýratyn-
lyklary bar?
12. Bazaryň bir nusgasyny mysallaryň üsti bilen düşündirmäge
synanyşyň.


119
Х.
BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ IşLEMEGI

Download 1.42 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   72   73   74   75   76   77   78   79   ...   154




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling