B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet19/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Pul aýlanyşygy. Pul aýlanyşygy – bu puluň aýlanyşyk 
ýaýrawyndaky üznüksiz hereketidir, onuň aýlanyşyk we 
töleg serişdesi hökmündäki işlemegidir.
Pul aýlanyşygy puluň ýüze çykmagy bilen emele ge­
lipdir hem-de pul gatnaşyklaryny we pul dolanyşygyny 
düzgünleşdirmek esasynda amala aşyrylýar. Pul aýlanyşygy 
her ýurduň pul ulgamynyň çygrynda bolup geçýär.
(H–P–H) formuladan (H–P) we (P–H) amallarynyň ara-
syndaky üzňeligiň mümkindigi gelip çykýar, ol bolsa sa tyn 
alynmazdan satuwy aňladýar. Ýönekeý pul aýlanyşygynyň 
esa synda maýa hökmündäki puluň aýlanyşygy (P–H–P) ösýär.
(H–P–H) formula boýunça haryt öndürijileriň zähmeti-
niň üznüksiz önümçiligi üçin zerur önümleriniň ýerleşdiril-
megi amala aşyrylýar.
Düzgünleşdirilýän ykdysadyýet şertlerinde pul aý la-
nyşygy, esasan, söwdanyň üsti bilen sarp ediş onüm leriniň 
agdyklaýyn zähmete görä paýlanyş hadysalaryna hyz mat 
edýär. Şonda (P–H–P) formulanyň mazmuny saklanyp 
galýar, emma bu ýerde ol kärhanalar tarapyndan sap gir­
deji öndürmegiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän ha-
dysasyny hem-de onuň lomaý we bölek satuw söwda me-
hanizminiň üsti bilen durmuşa geçirilmegini aňladýar.
Pul aýlanyşyk hadysasy köp derejede maliýe-ykdysady 
syýasatyň ylmy taýdan näderejede esaslandyrylandygyna, 
ýagny iş tejribesinde bir wagtyň özünde pul ulgamynyň 


42
I bölüm
hem durnuklylygyny, hem giňeldilen üznüksiz önümçili­
gi üçin çeýeligini üpjün etmekden ötri, pul aýlanyşygynyň 
obýektiw kanunalaýyklyklaryny näderejede dogry hasaba 
alýanlygyna baglydyr. Munuň üçin aýlanyşykdaky pul we 
haryt massalarynyň ösüşinde ilatyň pul girdejileriniň we 
çykdajylarynyň umumy deňeçerligi esasyndaky belli bir 
deňölçegliligiň berjaý edilmegi talap edilýär.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling