B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary
§ 16. Gymmat kanuny we nyrh
Download 0.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gymmat we nyrh.
§ 16.
Gymmat kanuny we nyrh Gymmat kanuny – bu haryt önümçiliginiň ykdysady kanuny bolup, ol harytlaryň öndürilişini we alyş-çalşyny olaryň jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklyk da şertlendirýär. Gymmat kanuny nyrhlaryň kanuny hök münde ýüze çykýar. Nyrh gymmatyň pul görnüşindäki aň ladylmagy, harytlary öndürmek üçin çykarylýan jem gyýet çilik zerur zähmet harajatlarynyň aňladylmasy bolup dur ýar. Ekwiwalent alyş-çalyş mahalynda öňki geçen we häzir- ki zähmetiň öwezi doldurylýar, üznüksiz önümçilik üçin şertler döredilýär, indiwidual harajatlary azaltmaga, zäh meti tygşytlamaga höweslendirme ýüze çykýar. Eger-de alyş-çalşyň ekwiwalentligi bozulsa, haryt öndürijiler öz ha- rajatlarynyň öwezini dolduryş mümkinçiliginden mahrum bolýarlar, olaryň önümçiligi kämilleşdirmäge we ösdürmäge gyzyklanmasy peselýär. Gymmat kanuny önümçiligiň düzgünleşdirijisi hökmün de çykyş edýär. Meselem, nyrhlaryň gymmatyň töweregin 51 YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY de üýtgäp durmagy haryt öndürijileri ol ýa-da başga bir harytlaryň önümçiligini artdyrmaga ýa-da kemeltmäge mej- bur edýär. Bu bolsa zähmetiň we önümçilik serişdeleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda gaýtadan paý- lanmagyna getirýär. Emma nyrhlar diňe gymmat kanunynyň täsiri astynda emele gelmeýär. Munuň özi jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlarynyň üýtgemeginiň hemme halatlarynda nyrh- laryň öz-özünden üýtgemeýändigini aňladýar. Nyrhlar jem- gyýet üçin zerur ykdysady deňölçeglilikleri kemala getir- megiň we goldap saklamagyň iňňän möhüm guraly bolup durýar. Gymmat kanunynyň täsiri kärhanalary önümleriň jem- gyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklykda öndüril- megine nazarlandyrýar we harytlaryň indiwidual gym ma- tyny peseltmäge, ylmy-tehniki ilerlemäni çaltlandyrma ga, iş wagtynyň ähli çäreler arkaly tygşytlanmagyny üpjün et mäge iterýär. Gymmat kanunynyň täsiri zähmet harajatlarynyň gym mat görnüşinde hasaba alynmagynyň zerurlygynda ýüze çykýar. Gymmat we nyrh. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bi len nyrh ählumumy häsiýete eýe bolýar. Ähli önümler diýen ýaly, şonuň ýaly-da, bahasy öz mazmunyny iş hakynda tap- ýan işçi güýji gymmaty we nyrhy bolan harytlara öwrül- ýär. Şunlukda gymmatyň üýtgemegi bolup geçýär, nyrhyň gös-göni esasy-da üýtgeşmelere sezewar bolýar. Öndürişiň bahasy ýüze çykýar. Öndürişiň bahasyna esaslanýan alyş-çalşyň obýektiw şerti bolup, nyrh emele geliş ulgamynyň özgermeginiň we öndürişiň bahasynyň emele gelmeginiň iňňän möhüm gu raly bolan ilerleýjilikli senagat ösüşi hyzmat edipdi. Öndürişiň bahasynyň emele gelmeginiň mehanizmi önüm çiligiň (pudaklaryň) dürli ýaýrawlarynda peýdanyň 52 I bölüm ka dasynyň üýtgeýşine laýyklykda maýanyň ondan-oňa akyp geçmegi arkaly amala aşýan pudagara bäsdeşligine esaslanýar. Harydyň gummaty şu şekilde kesgitlenýär: G = S + Z + P, bu ýerde S – haryt öndürilen mahalynda harçlanan önümçi- lik serişdeleriniň geçirilen gymmaty; Z+P – zerur zähmet bilen döredilen gymmatdan (Z) we goş maça gymmatdan (P) durýan häzirki zähmet arkaly täze döredilen gymmat. Öndürişiň bahasynyň hereketi gymmatyň hereketi bi len kesgitlenýär. Gymmatyň ululygyna täsir edýän faktor lar, ozaly bilen zähmet öndürijiligi öndürişiň bahalaryna-da täsir edýär. Şu ýerden gymmat kanunynyň öndürişiň ba hasyny düzgünleşdirýänligi-de aýdyň görünýär. Download 0.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling