B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 16.  Gymmat kanuny we nyrh


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet22/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 16. 
Gymmat kanuny we nyrh
Gymmat kanuny – bu haryt önümçiliginiň ykdysady 
kanuny bolup, ol harytlaryň öndürilişini we alyş-çalşyny 
olaryň jemgyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklyk da 
şertlendirýär. Gymmat kanuny nyrhlaryň kanuny hök münde 
ýüze çykýar. Nyrh gymmatyň pul görnüşindäki aň ladylmagy, 
harytlary öndürmek üçin çykarylýan jem gyýet çilik zerur 
zähmet harajatlarynyň aňladylmasy bolup dur ýar.
Ekwiwalent alyş-çalyş mahalynda öňki geçen we häzir-
ki zähmetiň öwezi doldurylýar, üznüksiz önümçilik üçin 
şertler döredilýär, indiwidual harajatlary azaltmaga, zäh­
meti tygşytlamaga höweslendirme ýüze çykýar. Eger-de 
alyş-çalşyň ekwiwalentligi bozulsa, haryt öndürijiler öz ha-
rajatlarynyň öwezini dolduryş mümkinçiliginden mahrum 
bolýarlar, olaryň önümçiligi kämilleşdirmäge we ösdürmäge 
gyzyklanmasy peselýär.
Gymmat kanuny önümçiligiň düzgünleşdirijisi hökmün­
de çykyş edýär. Meselem, nyrhlaryň gymmatyň töweregin­


51
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
de üýtgäp durmagy haryt öndürijileri ol ýa-da başga bir 
harytlaryň önümçiligini artdyrmaga ýa-da kemeltmäge mej-
bur edýär. Bu bolsa zähmetiň we önümçilik serişdeleriniň 
ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda gaýtadan paý-
lanmagyna getirýär.
Emma nyrhlar diňe gymmat kanunynyň täsiri astynda 
emele gelmeýär. Munuň özi jemgyýetçilik zerur zähmet 
harajatlarynyň üýtgemeginiň hemme halatlarynda nyrh-
laryň öz-özünden üýtgemeýändigini aňladýar. Nyrhlar jem-
gyýet üçin zerur ykdysady deňölçeglilikleri kemala getir-
megiň we goldap saklamagyň iňňän möhüm guraly bolup 
durýar.
Gymmat kanunynyň täsiri kärhanalary önümleriň jem-
gyýetçilik zerur zähmet harajatlaryna laýyklykda öndüril-
megine nazarlandyrýar we harytlaryň indiwidual gym ma-
tyny peseltmäge, ylmy-tehniki ilerlemäni çaltlandyrma ga, 
iş wagtynyň ähli çäreler arkaly tygşytlanmagyny üpjün et­
mäge iterýär.
Gymmat kanunynyň täsiri zähmet harajatlarynyň gym­
mat görnüşinde hasaba alynmagynyň zerurlygynda ýüze 
çykýar.
Gymmat we nyrh. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bi­
len nyrh ählumumy häsiýete eýe bolýar. Ähli önümler diýen 
ýaly, şonuň ýaly-da, bahasy öz mazmunyny iş hakynda tap-
ýan işçi güýji gymmaty we nyrhy bolan harytlara öwrül-
ýär. Şunlukda gymmatyň üýtgemegi bolup geçýär, nyrhyň 
gös-göni esasy-da üýtgeşmelere sezewar bolýar. Öndürişiň 
bahasy ýüze çykýar.
Öndürişiň bahasyna esaslanýan alyş-çalşyň obýektiw 
şerti bolup, nyrh emele geliş ulgamynyň özgermeginiň we 
öndürişiň bahasynyň emele gelmeginiň iňňän möhüm gu­
raly bolan ilerleýjilikli senagat ösüşi hyzmat edipdi.
Öndürişiň bahasynyň emele gelmeginiň mehanizmi 
önüm çiligiň (pudaklaryň) dürli ýaýrawlarynda peýdanyň 


52
I bölüm
ka dasynyň üýtgeýşine laýyklykda maýanyň ondan-oňa 
akyp geçmegi arkaly amala aşýan pudagara bäsdeşligine 
esaslanýar.
Harydyň gummaty şu şekilde kesgitlenýär:
G = S + Z + P,
bu ýerde S – haryt öndürilen mahalynda harçlanan önümçi-
lik serişdeleriniň geçirilen gymmaty;
Z+P – zerur zähmet bilen döredilen gymmatdan (Z) we 
goş maça gymmatdan (P) durýan häzirki zähmet arkaly täze 
döredilen gymmat.
Öndürişiň bahasynyň hereketi gymmatyň hereketi bi­
len kesgitlenýär. Gymmatyň ululygyna täsir edýän faktor­
lar, ozaly bilen zähmet öndürijiligi öndürişiň bahalaryna-da 
täsir edýär. Şu ýerden gymmat kanunynyň öndürişiň ba­
hasyny düzgünleşdirýänligi-de aýdyň görünýär.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling