B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri başlandy. 
Bu döwürde ýurduň ykdysady ösüşi yokary depginlere eýe 
bolup, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy 
maksat edinilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk 
döwrün de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly 
Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ykdysady sy-
ýasatyň iň möhüm ugurlaryna önümçilik toplumlarynyň 
we durmuş ýaýrawyň depginli ösdürilmegi, ykdysadyýe tiň 
döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, 
ba zar mehanizminiň we döwlet düzgünleşdirişiniň utgaş dy-
ryl magy, ýurduň milli hojalygynyň dolandyrylyşynyň kämil-
leşdirilmegi degişlidir.
Bu ýörelgeler ýurduň ykdysadyýetiniň öňünde täze 
wezipeleri goýýar, nazaryýetdäki binýatlaýyn düşünjelere 


10
gaýtadan çuňňur nazar salmaga mümkinçilik berýär hem-
de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 
amaly meseleleriniň çözülmegine täzeçe çemeleşilmeginiň 
ze rurlygyny şertlendirýär.
Ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň netijesinde 
hil taýdan bolup geçýän üýtgeşmeler, garyşyk kysymdaky 
bazar ykdysadyýetine geçilmegi diňe bir ykdysatçylaryň 
däl, eýsem täze türkmen jemgyýetiniň ähli agzalarynyň 
düzgünleşdirilýän bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýaşamagy 
we işlemegi üçin ymykly taýýar bolmaklaryny talap edýär. 
Şonlukda, gysga wagtyň içinde ykdysady pikirlenmäniň täze 
keşbini kemala getirmek wezipesi öňe çykýar. Bu wezipäni 
durmuşa geçirmekde «Ykdysadyýetiň esaslary» atly şu okuw 
kitaby, belli bir derejede, ýardam edip biler.
Bazar gatnaşyklary köp zatlary düýpgöter üýtgedýär. Bu 
bolsa biziň ýaş neslimiziň bilime täzeçe çemeleşmegini talap 
edýär. Şu okuw kitaby taýýarlanylanda, jemgyýetdäki, ykdy­
sadyýetdäki döwrebap, täzeçe çemeleşmeler nazara alyndy.
Okuw kitabynyň başynda aýratyn bölümde ykdysadyýet 
ylmy, onuň predmeti we usullary baradaky düşünjeler be­
rilýär, ykdysadyýet ylmynyň nazary we amaly böleklere 
bölünişi, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik hojalygynyň ykdysady 
nusgalary açylyp görkezilýär.
Okuw kitabynda ýüzlenilýän meseleler, goýlan wezipele­
re laýyklykda, belli bir logiki yzygiderlilikde ýerleşdirilendir.
Okuw kitabynyň birinji bölümi «Ykdysadyýetiň umu-
my esaslary» diýlip atlandyrylyp, onda jemgyýetçilik önüm-
çiligiň esaslary, pul, nyrh, hyrydarlyk we hödürleme mese­
lelerine seredilýär.
«Milli ykdysadyýet we onuň ösüşi» diýlip atlandyryl­
ýan ikinji bölümde adamyň ykdysadyýetdäki orny we bi­
tirýän hyzmaty açylyp görkezilýär, Türkmenistanyň mil-
li ykdysadyýetiniň aýratynlyklary we milli ykdysady 
top lumyny ösdürmek, şonuň ýaly-da daşary ykdysady ara-


11
gat naşyklary ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň ileri 
tu tulýan ugurlary beýan edilýär.
«Bazar ykdysadyýeti we onuň ösüşi» diýlip atlandyryl­
ýan üçünji bölümde bazar ykdysadyýetiniň mazmuny we 
işleýişi, milli nusgasy, karz-pul ulgamynyň we salgyt-býujet 
syýasatynyň ýola goýluşy açylyp görkezilýär.
Dördünji bölüm «Bazar ykdysadyýetiniň durmuş mese-
leleri» diýlip atlandyrylyp, onda durmuş ykdysadyýeti we 
ýaşaýşyň hili diýen düşünjeleriň mazmuny açylyp görkezil-
ýär, zähmet bazary we adam maýasy, döwletiň durmuş syýa­
saty, ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi 
hakyndaky meselelere seredilýär.
Şeýlelikde bu okuw kitaby milli we bazar ykdysadyýeti-
niň nazaryýetini hem-de amaly ykdysadyýetiň meselelerini 
öwrenmäge kömek eder. Umuman aýdylanda, bu okuw ki­
taby ýurdumyzyň durmuş-ykdysady esaslary baradaky me­
seleleri özünde jemleýär, bu bolsa mekdep okuwçylarynyň 
geljekde okuwlaryny dowam etmeklerine we Berkarar döw-
letimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp raýat bolup ýe-
tişmeklerine ýardam berer.


12

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling