B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet14/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

soraglar
:
1. Önümçilik näme?
2. Öndüriji güýçler we önümçilik gatnaşyklary nä-
mäni aňladýar?
3. Maddy önümçilik bilen maddy däl önümçiligiň 
näme tapawudy bar?
4. Önümçiligiň nähili şertleri bar?
5. Jemgyýetde haýsy nygmatlar ulanylýar?
6. Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz önümçiligiň nä-
me tapawudy bar?
II. Pul
§ 10. 
Puluň mazmuny
Pul – munuň özi harytlar alyş-çalyş edilen mahalynda 
ählumumy ekwiwalentiň hyzmatyny ýerine ýetirýän aý-
ratyn haryt bolup, ol alyş-çalşyň we gymmatyň görnüşiniň 
öza kymlaýyn ösüşiniň önümidir. Puluň döremeginiň sebäbi 
ha ryt önümçiliginiň ösmegidir. Puluň döremegi bilen bütin 
haryt dünýäsi iki sany polýusa, ýagny harytlara we pula 
bölündi. Pul – bu gymmatyň ýüze çykmasy, jemgyýetçilik 
baýlygynyň ýüze çykmasy bolup durýar.
Alyş-çalşyň we gymmatyň görnüşleri ösdügiçe haryt­
lar dünýäsinden ählumumy ekwiwalent hökmündäki pul 
gör nüşinde maddylaşan bir haryt, ýagny pul bolup çykýar. 
Onuň natural görnüşinden ählumumy ekwiwalentlik hyz­
maty ösüp ýetişýär. Gymmatyň ählumumy görnüşiniň pul 
?


33
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
görnüşine öwrülmegi jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň 
ösýän şertlerinde bolup geçýär.
Häzirki zamanda beýleki harytlaryň hemmesini gysyp 
çykaryp, altyn aýratyn saýlanyp çykdy. Ol dünýä möçbe­
rinde pul harydy hökmünde öz monopoliýasyny gutarnyk-
ly berkarar etdi. Her bir beýleki harydyň bolşy ýaly, pul 
harydy, ýagny altyn, isleg ödeýiş gymmatyna we alyş-çalyş 
gymmatyna eýedir.
Öz nobatynda altynyň isleg ödeýiş gymmaty, beýleki 
harytlardan tapawutlylykda, ikä bölünýär. Bir tarapdan
altyn islendik isleg ödeýiş gymmatyna öwrülmek ukybyndan 
ybarat ählumumy isleg ödeýiş gymmatyna eýedir. Başga bir 
tarapdan, altyn adaty isleg ödeýiş gymmatyna eýedir, ýagny 
ol tehniki maksatlar üçin, bezeg predmetlerini ýasamak 
üçin we ş.m. üçin peýdalanylýar.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling