B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 6.  Maddy we maddy däl önümçilik


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet10/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 6. 
Maddy we maddy däl önümçilik
Islegler adamlar we jemgyýet üçin maddy önümçiligiň 
we medeniýetiň ösüş derejesine laýyklykda emele gelýän 
özboluşly görnüşdäki durnukly zerurlyklar hökmünde kes­
gitlenýär. Adamyň islegleri maddy, ruhy we durmuş islegle­
rinden ybaratdyr.
Maddy islegler şulara bölünýär: 
● ýaşaýyş üçin ilkinji zerur bolan zatlar – iýmit, egin-
eşik, ýaşaýyş jaýy we ş.m.;
● elpe-şelpelik üçin zerur zatlar – gymmat bahaly şaý-
sepler, gymmat awtomobiller, ýahtalar, gymmat ba­
haly sütükli deriden tikilen içmekler we ş.m.;
● önümçilik serişdeleri – maşynlar, enjamlar, gurallar, 
çig mal, materiallar we başgalar.
Ruhy islegler ylym, sungat bilen meşgullanmak, bilim 
almak, ahlak taýdan kämilleşmek we beýlekiler arkaly ka­
nagatlandyrylýar. Giň manysyndaky ruhy iýmite adamyň 
alýan ähli maglumatlary-da degişlidir.
Jemgyýet ösdügiçe durmuş islegleriniň giňelmek we ola-
ry kanagatlandyrmak mümkinçilikleri hem artýar. Dur muş 
islegleri dürli görnüşdäki jemgyýetçilik we köpçülikleýin 
işe gatnaşylmagy bilen baglanyşyklydyr. Olar maddy isleg 
hem, ruhy isleg hem bolup biler. Emma bu ýerde esasy zat 
jemgyýetçilik häsiýetine eýe bolunmagyndadyr hem-de köp 


27
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
sanly adamlaryň bilelikde ýaşaşmagynyň we hyzmatdaşlyk 
etmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilýänligindedir.
Islegleriň kanagatlanyş derejesi iki sany ýaýrawyň 
ösüş derejesi bilen kesgitlenýär, olaryň birinjisine maddy 
önüm çilik, ikinjisine bolsa maddy däl önümçilik ýa-da ruhy 
ýaýraw degişlidir.
Maddy önümçilik şulary öz içine alýar: 
● maddy nygmatlary öndürmek bilen meşgullanýan se­
nagat, oba hojalygy, gurluşyk pudaklary;
● maddy hyzmatlary etmek bilen meşgullanýan ulag we 
aragatnaşyk, söwda, jemagat hojalygy, durmuş hyz­
matlary, infrastruktura ýaýrawy ýaly pudaklar.
Maddy däl önümçilik şulary öz içine alýar: 
● durmuş-medeni gymmatlyklary ýa-da nygmatlary dö-
redýän kärhanalary (kino, teatr, sungat we ş.m.);
● sag lygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet arkaly mad-
dy däl hyzmatlary edýän pudaklaryň kärhanalary.
Bu ýaýrawlaryň arasynda jebis özara baglanyşyk bolup, 
ol baglanyşyk häzirki zaman şertlerinde barha pugtalanýar. 
Meselem, maddy önümçiligiň ýokary ösüş derejesi köp ýurt­
larda işleýän adamlaryň uly böleginiň (50–70%) maddy däl 
önümçilikde meşgul bolmagyna mümkinçilik berdi. Öz ge­
zeginde, maddy däl önümçilik ýaýrawynda ylmy açyşlar, 
teh niki oýlap tapyşlar ýaly gazanylan üstünlikler maddy 
önüm çiligiň ösmegine güýçli täsir edýär.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling