B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 9.  Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet13/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 9. 
Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz 
önümçilik
Önümçilik işi özüniň üznüksiz täzelenip durýan ma­
halynda üznüksiz önümçilik bolup durýar, ol hem öz ara­
larynda jebis baglanyşykly, şol bir wagtyň özünde birinjisi 
kesgitleýji ähmiýete eýe bolan şu dört sany tapgyrlardan 
durýar: önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş we sarp ediş.
Önümçilik tebigatyň beren zatlaryny zähmetiň dürli 
önümlerine, ýagny bazardaky islege laýyk gelýän harytlara 
we hyzmatlara öwürmek üçin önümçilik serişdeleriniň we 
iş çi güýjüniň birikdirilmegidir.
Paýlaýyş önümçilik resurslarynyň, şertleriniň we ne-
tijeleriniň akymlaryny çäklendirýär we gerekli ugurlara 
gönükdirýär.
Alyş-çalyş öndürijilere bazarda öz önüminiň islenilme-
ýän bölegine derek beýlekileriň zähmetiniň önüminiň de-
gişli mukdaryny, olaryň ikisi-de haryt bolan mahalynda
jemgyýetçilik derejesinde almaga mümkinçilik berýär.
Sarp ediş jemgyýetçilik zähmeti bilen döredilen haryt­
lary we hyzmatlary adamlar tarapyndan jemgyýetçilik we 
şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin hakyky peýdala­
nylmagyny aňladýar.
Üznüksiz önümçiligiň iki görnüşi, ýagny ýönekeý üznük-
siz önümçilik we giňeldilen üznüksiz önümçilik tapawut­
landyrylýar.
Ýönekeý üznüksiz önümçilik – munuň özi önümçiligiň 
ýylyň-ýylyna üýtgewsiz möçberlerde täzelenip durmak ha-
dy sasydyr.
Giňeldilen üznüksiz önümçilik maýa toplaýyş hady­
sasyny hem öz içine alýar.
Giňeldilen üznüksiz önümçilik – bu önümçiligiň maýa 
toplaýyş we şonuň üçin önümleriň gymmatynyň belli bir 


32
I bölüm
böleginiň maýa goýulmagy arkaly barha köpelýän möçber­
lerde mydama täzelenmegidir.
Ýönekeý we giňeldilen üznüksiz önümçiligiň netijesi 
jemgyýetçilik önümidir.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling