B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet9/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

soraglar
:
1. Ykdysadyýetiň nähili kesgitlemesini bilýärsiňiz?
2. Ykdysadyýet ylmynyň predmeti näme?
3. Ykdysadyýet ylmynyň usullary haýsylar?
4. Ykdysady nazaryýet diýip nämä düşünýärsiňiz?
5. Amaly ykdysadyýet diýip nämä düşünýärsiňiz?
6. Makroykdysadyýet bilen mikroykdysadyýetiň 
näme tapawudy bar?
7. Jemgyýetçilik hojalygynyň haýsy ykdysady nus­
galaryny bilýärsiňiz? 
?


24
I
 
bölüm
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
I.
 Jemgyýetçilik önümçiliginiň esaslary
§ 5. 
Jemgyýetçilik önümçiligi
Adamlaryň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň esasynda hojalyk 
işi, önümçilik durýar.
Önümçilik – bu adamlaryň tebigatdaky zatlara täsir et­
mek bilen maddy we ruhy nygmatlary öndüriş işidir.
Önümçilik üç sany şertiň, ýagny adam zähmetiniň, zäh­
met predmetleriniň we zähmet serişdeleriniň özara täsir 
edişmekleri arkaly amala aşýar.
Zähmet – maddy we ruhy nygmatlary we hyzmatlary döret­
mek boýunça adamlaryň maksada laýyk amala aşyryýan işi.
Zähmet predmetleri taýýar önüm döretmek üçin ada-
myň öz zähmetini siňdirmek bilen täsir edýän zatlarydyr.
Zähmet serişdeleri – bu adamyň zähmet predmetleri­
ne täsir etmek üçin ulanýan gurallarydyr.Meselem, sena­
gat önümçiliginde çig mal zähmet predmeti, stanok zähmet 
serişdesi bolup durýar.
ÖNÜMÇILIK
Adamlaryň maddy
nygmatlary öndürmek bilen
baglanyşykly işleri
1. Zähmet – bu adamyň mak­
satly hereketi
2. Zähmet predmeti – adamyň 
zähmet hereketinde täsir 
edýän zatlary
3. Zähmet serişdesi – bu 
adamyň islegini kanagat­
landyrmak üçin ulanýan gu­
rallary 


25
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
Haýsydyr bir harydy öndürmek üçin zerur bolan zähmet 
predmetleri we serişdeleri bilelikde önümçilik serişdelerini 
emele getirýär.
Nygmatlaryň önümçiligi, birinjiden, adam bilen tebi-
gatyň özara täsir edişmegini, ikinjiden bolsa, öz hojalyk işi-
niň barşynda adamlaryň öz aralaryndaky gatnaşyklaryny 
beýan edýär. Arabaglanyşyklaryň birinji kysmyna öndüriji 
gü ýçler, ikinjisine bolsa ykdysady gatnaşyklar diýilýär.
Öndüriji güýçler önümçilik serişdeleriniň we işçi güý-
jüniň özara baglanyşykdaky jemidir.
Ylmy-tehniki rewolýusiýa öndüriji güýçleri, olaryň dü-
züm bölekleriniň mynasybetini düýpli özgerişlere seze war 
edýär. Meselem, önümçilik serişdeleri informatika, elekt ron-
hasaplaýjy we kompýuter tehnikasy bilen baýlaşýar. Zäh­
met babatynda hem hil taýdan üýtgeşmeler bolup geçýär, 
ýagny onuň ylmy taýdan guralyşy kämilleşýär, işgärleriň 
hünär we intellektual derejeleri ýokarlanýar, adamyň tele­
keçilik ukybynyň ähmiýeti artýar.
Ykdysady gatnaşyklar maddy we ruhy nygmatlaryň, hyz-
matlaryň önümçiligi, paýlanyşy, alyş-çalşy we sarp edi li şi ma­
halynda adamlaryň aralarynda ýüze çykýan gat naşyklardyr.
Ykdysady gatnaşyklaryň häsiýeti önümçilik serişde le rine 
eýeçiligiň görnüşi bilen kesgitlenýär. Olar, birinjiden, diňe 
önümçilik ýaýrawyna degilşli gatnaşyklary, ýagny önümçilik 
gatnaşyklaryny, ikinjiden, önümçilik däl ýaýrawda emele gel-
ýän gatnaşyklary öz içine alýar.
Ykdysady gatnaşyklar düzümi boýunça guramaçylyk-
ykdysady we durmuş-ykdysady gatnaşyklara bölünýär.
Guramaçylyk-ykdysady gatnaşyklar önümçiligiň, ön dü-
ri len önümleri paýlamagyň we alyş-çalyş etmegiň guraly-
şy babatynda emele gelýär. Guramaçylyk gatnaşyklarynyň 
gör nüşlerine kärhanalarda önümçiligiň we zähmetiň gu-
ra lyşy, işgärleriň arasynda zähmet bölünişigi we bileleş-
mesi, kärhanalaryň möçberleriniň kesgitlenmegi we ş.m. 
degişlidir.


26
I bölüm
Durmuş-ykdysady gatnaşyklar önümçilik serişdelerine 
eýeçilik etmegiň görnüşleri bilen kesgitlenýän önümçilik 
şertleri babatynda adamlaryň arasynda emele gelýär. Esasy 
zatlar, ýagny önümçilik, paýlaýyş, alyş-çalyş we sarp ediş 
gatnaşyklarynyň durmuş-ykdysady mazmuny eýeçiligiň 
görnüşine bagly bolup durýar. Bu gatnaşyklaryň ösmegi 
mydama önümçilik serişdeleriniň eýeleriniň bähbidine hyz­
mat edýär.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling