B. G. Pürliýew, E. G. Rahmanowa ykdysadyýetiň esaslary


§ 7.  Önümçiligiň serişdeleri we şertleri


Download 0.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/51
Sana28.10.2023
Hajmi0.69 Mb.
#1728578
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   51
Bog'liq
Pürliýew B~Ykdysadyýetiň esaslary-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

§ 7. 
Önümçiligiň serişdeleri we şertleri
Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatla-
ryň önümçiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýag ny 
hususy, döwlet eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk 
eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we mikrokärhanalar hem-de hu-
su sy telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar. Önümçilik 
ob ýek tiw ykdysady kanunlaryň täsirine çuňňur göz ýetir-


28
I bölüm
megiň we ony aňly-düşünjeli peýdalanmagyň esasynda gu­
ralmalydyr.
Bazar ykdysadyýeti mikroderejede dürli pudaklaryň köp 
sanly kärhanalarynyň işini, ähli tebigy, adam resurs laryny 
we adam tarapyndan döredilen resurslary gurşap al ýar. 
Olar adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga niýet lenen 
harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilmegi üçin peýdalanylýar.
Adamlaryň islegleri köp dürlüdir we çäksizdir. Emma 
bu islegleri doly kanagatlandyrmak üçin zerur bolan haryt­
lary we hyzmatlary öndürmäge gerekli resurslaryň möçberi 
çäklidir.
Resurslar – bu islegleri kanagatlandyrmak üçin dürli 
görnüşli nygmatlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini gu ra-
makda kärhanalar we beýleki önümçilik subýektleri tara-
pyndan peýdalanylýan zatlardyr. Olara zähmet resursy 
hök münde işçi güýji-de girýär. Önümçilik resurslary doly 
here kete getirilen mahalynda bir önümiň öndürilişini 
artdyr mak üçin olaryň beýleki birleriniň öndürilişini ke-
melt meli bolýar. Şoňa görä-de, her bir jemgyýet müm kin -
çi likleriň çäkliligine sezewar bolýar. Ähli islegleriň ka-
na gatlandyrylmagynyň mümkin däldigi zerarly, bazar 
yk dy sadyýeti şertlerinde her bir sarp ediji, her bir satyn aly-
jy öz isleýän zatlaryndan has möhümlerini yzygiderli saý lap 
almaly bolýarlar.
Resurslaryň bütin köplügi maddy we zähmet resurs­
laryna bölünýän ykdysady resurslardyr.
Haýsydyr bir harydy ýa-da hyzmaty öndürmek üçin 
herekete getirilen ykdysady resurslara önümçiligiň şertleri 
diýilýär.
Önümçiligiň esasy şertlerine zähmet, ýer, maýa we tele-
keçilik ukyplary degişli.
Zähmet (işçi güýji) – adamyň önümçilik mahalynda ula­
nylýan fiziki we akyl ukyplarynyň jemidir.


29
YKDYSADYÝETIŇ UMUMY ESASLARY
Ýer – önümçiligiň tebigy şerti hökmünde onuň adam 
zäh meti bilen döredilmedik ähli resurslaryny, ýerasty baý-
lyk lary, tokaýlary, howany we suwy hem goşmak bilen 
önümçilik işine çekmegiň çeşmesi bolup durýar.
Maýa – önümçilik serişdesi hökmünde zähmet seriş-
deleriniň we predmetleriniň jemidir. Oňa kärhanalar, tele­
keçiler we bölekleýin derejede döwlet eýeçilik edýär.
Telekeçilik ukyplary – maýanyň eýeleriniň, harajatla-
ry, töwekgelçiligi we jogapkärçiligi öz üstlerine alyp ýa-da 
munuň üçin dolandyryjylary hakyna tutup, öz telekeçilik 
işini guramaga ukybyny we taýýardygyny aňladýar.

Download 0.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   51




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling